Moskwanyň “Bolşoý Pirogowskiý” köçesindäki Mihaýil Bulgakowyň (1891-1940) jaýy muzeý bolar. Ýazyjynyň 1920-1930-njy ýyllarda Moskwadaky ýaşan we işlän öýüni abatlamak hem-de ulanyşa bermek baradaky taslamany işläp düzmek boýunça bäsleşik yglan edildi.
Bäsleşigiň ýeňijisi ýarym ýylyň dowamynda medeni mirasy häzirki zaman derejesinde abatlamak we ulanyşa taýýarlamak işleri boýunça taslama resminamalaryny işläp düzmeli bolar. Häzirki wagtda jaýyň ýagdaýynyň kanagatlanarly däldigi aýdylýar. Üç otagly bu jaýda Mihaýil Bulgakowyň maşgalasy ýaşapdyr. Onuň otagynda ady rowaýata öwrülen stol bolup, onuň başynda ýazyjy sekiz ýylyň dowamynda “Ylgaw”, “Bendi dindar”, “Molýer” we “Ussat we Margarita” ýaly eserlerini döredipdir. Diwarda gara-goňur reňkli kitap tekjeleri ýerleşip, otagyň içi gök reňk bilen reňklenipdir.