Her ýylyň başynda awtoulagyň watany hasaplanýan ABŞ-nyň Detroit şäherinde bu ugra bagyşlanyp, sergi geçirilýär. Ertir öz işine başlajak halkara çärede nusgalyk, ýöriteleşdirilen hem-de önümçilige taýýar ulaglaryň birnäçesi görkeziler. Olaryň käbiri barada gyzykly maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
“Audi Q8 Konsept”: awtoulag söýüjiler geçen aý azda-kände maglumat berlen ulagy ilkinji gezek görmäge mümkinçilik alarlar. Daşky şekiliniň nähilidigi häzirlikçe nämälim bolan nusgalyk ulagda V6 we V8 hereketlendirijileriniň benzinli hem-de dizel görnüşleriniň bolmagyna garaşylýar.
“Mercedes-Benz E-Class Coupe”: seriýanyň sport agzasy bolan bu ulag brendiň iň soňky tehnologiýasyny özünde jemlär. “E-Class Coupe” hem ilkinji gezek köpçülige görkeziler.
“Volkswagen I.D Van”: bu ulagyň daşky görnüşi nusgawy çyzyklary hem-de elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary ýada salýan çyzyklary özünde birleşdirer. Brendiň iň meşhur modeli “T1”-e meňzejekdigi aýdylýar.
“VW Tiguan Allspace”: brendiň iň soňky uly göwrümli SUV agzasy boljak “Tiguan Allspace” adaty “Tiguan”-dan 110 mm uzyn bolar. “Tiguan”-yň iň ygtybarly ulag saýlanmagy bu modele hem uly isleg bildiriljekdigini alamatlandyrýar.
“Infiniti QX50”: ykjam SUV ulaglarynyň hataryna girýän QX50-niň täze agzasy bolan modelde ýokary tehnologiýadan peýdalanylan hereketlendiriji oturdylypdyr.
KIA GT: kompaniýanyň iň ýokary tizlikli ulagy boljak modeliň koreý brendiniň abraýyny artdyrmagyna garaşylýar.
“Ýyldyrym McQueen”: 2006-njy ýylda prokata çykan “Ulaglar” animasiýasy uludan-kiçä hemmäniň ünsüni özüne çekipdi. “Pixar” tarapyndan çykarylan we awtoulaglaryň “durmuşy” barada gürrüň berýän multfilmiň ikinjisi 2011-nji ýylda peýda bolupdy. Multfilmiň üçünji bölüminiň şu ýyl tomaşaçylara ýetirilmegine garaşylýar. Multfilmdäki “Ýyldyrym McQueen” ulagynyň hakyky görnüşi bu sergide köpçülige görkeziler. Bu ulagyň beýleki sergä gatnaşýan ähli ulaglardan has köp üns çekmegine garaşylýar.