Golaýda “Microsoft” kompaniýasy 26,2 milliard dollar töläp, “LinkedIn” şereketini satyn aldy. “Equities.com” saýtynyň ykdysadyýeti seljerijisi Mihael Markowskiý “Microsoft”-yň 1 trillion dollarlyk söwda dolanyşygy bolan ilkinji şerekete öwrüljekdigini aýdýar. Markowskiý “Microsoft”-yň “LinkedIn”-den peýdalanyp, sosial media we beýleki ugurlarda ösüş gazanyp, “Amazon”, “Google”, “Facebook” we “Apple” ýaly şereketlerden öňe geçjekdigini belleýär. “Apple”-iň söwda dolanyşygy häzirki wagtda 622,6 milliard dollara deň bolup, öňdeligi eýeleýär. “Google”-a eýeçilik edýän “Alphabet”-de bu görkeziji 549,7 milliard dollara barabar. “Microsoft”-yňky bolsa, 489,3 milliard dollar.
Üç ýyldan bäri, Satýa Nadellanyň ýolbaşçylyk edýän “Microsoft” kompaniýasy soňky wagtlarda has güýçli depginler bilen ösýär. Geçen ýylyň noýabrynda şereketiň biržadaky paýnamalary taryhynda iň ýokary derejä çykdy. Şondan soňra bolsa, onuň abraýy has-da artýar.