Amerikan işewüri we “Microsoft”-yň ozalky ýolbaşçysy Bill Geýts 2016-njy ýylyň iň gowy 5 kitabyny mälim etdi.
– Kitaplaryň ählisinde hem düýpli meseleler gozgalyp, olaryň her biri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar – diýip, milliarder belleýär.
Onuň sanawyna amerikan ýazyjysy we esseçisi Dewid Foster Uollesiň “Tarlaryň nazaryýeti” atly eseri girizilipdir.
– Ýazyjy beýleki eserlerinde bolşy ýaly bu kitabynda hem diliň çeperçiligini ýokary derejede saklamagy başarypdyr – diýip, Bill Geýts belläp geçdi.
Şeýle hem ol Pulitser baýragynyň eýesi Siddhartha Mukerjiniň “Genler” atly kitabyny öz sanawyna girizdi. Mukerji öz kitabynda genetikanyň geçmişi, häzirki ýagdaýy we gelejegi barada söz açyp, genom tehnologiýasynyň üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berýär.
Oksford uniwersitetiniň professory Arçi Braunyň “Güýçli lider hakda rowaýat” atly eseri hem Bill Geýtsiň nazaryndan sypmady. Bu kitapda dünýä belli liderleriň şahsyýeti barada çynlakaý gürrüň gozgalýar.
Şeýle hem Bill Geýts amerikan işewüri we “Nike” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Fil Naýtyň “Shoe Dog” kitabynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp geçdi. Ol işewüriň ýatlama kitabydyr.
Şeýle hem işewür Grethen Bakkeniň “Mynasyp ýatlama: Tor” atly kitabynyň ähmiýetini belläp, hakykatdan hem, häzirki zaman dünýäsinde elektrik ulgamynyň adamzadyň durmuşyny bütinleý özgerdendigini tassyklady.