Durmuşda örän az sanly adamyň birbada hötde gelýän iki işi bar. Olar deň-duşlaryňdan kimdir biri bilen duşman bolman ýaşamak hem-de şu dünýäniň iň uly kuwwaty bolan puluň ýesir edijiliginden halas bolmakdyr. Meniň şeýle häsiýetli adama duşmagym gaty aňsat boldy. Şol wagtlar men kiçiräk şäherde ýaşaýardym. Men bir gün ikindi wagtlary itimi gezdirmäge çykypdym. Ine, birdenkä-de itim täsin ahwalata duçar boldy oturyberdi. Ol dälirän ýaly ýerde togalanýardy, çyňsap, uwlap agaçlara süýkenýärdi. Men “Ite näme bolduka?” diýip, oýlanyp durkam, edil gapdaljygymdan geçip barýan kimdir birine gözüm düşdi. Ol otuz ýaşlarynda, köneräk eşikli, köýnegi-de ýakasyz, başy ýalaňaç biridi. Men oňa dilegçidir öýdüp, ellerimi jübime sokmakçy boldum. Emma nätanyş adam köne dostuny gören ýaly mawy gözlerini güldürip, maňa ýylgyryp bakdy. Ol itime elini uzadyp:
– Janawere sakyrtga ýelmeşipdir. Gel, şony aýraly – diýdi.
Ol hamala, köne tanyşlar ýaly arkaýyn gürleýärdi. Onuň şeýle ýakymly täsin bakyşynda men-ä hiç bir erbetlik görmedim. Biz ýörite ýasalan agaç oturgyja tarap ýöneldik. Men onuň golaýjygynda oturdym. Ol sykylyk atyp, itimi ýanyna çagyrdy. Geň göräýmeli: hemişeler nätanyşlaryň ýanyna barmazlygy endik edinen Kaspar bu çakylygy derrew kabul etdi. Ol geläge-de kellesini nätanşyň dyzynyň üstünde goýdy. Ol hem uzyn barmaklary bilen itiň tüýlerini dörjelemäge başlady. Ahyry şatlykly äheňde: “Wah!” diýip, itden sakyrtgany aýyrmaga girişdi. It janaweriň teni awan bolsa gerek – birnäçe gezek çyňsady. Ýöne weli, gaçmaga synanyşmady. Nätanyş iti goýberdi-de, ýylgyryp durşuna howada nämedir bir zady görkezip:
– Ynha, indi boldy. Arkaýyn gidip bilersiň, gadyrdan! – diýdi. Soňra nätanyş ýerinden turup:
– Görüşýänçäk, hoş! – diýdi-de, ýoluny dowam etdi.
Ol şeýle bir çalt gitdi welin, men oňa eden işi üçin bir zat bermäge, hat-da sagbolsun aýtmaga-da ýetişmedim. Ol edil gelşi ýaly ümsüm hemem dogumly hereketleri bilen gözden gaýyp boldy.
Öýe gelenime esli wagt geçenem bolsa, men entegem bu täsin adamyň eden sogap işi hakda pikir ýüwürdýärdim. Soňra bu wakany garry aşpezime hem gürrüň berdim.
Ol:
– Hä, ol Antondyr. Ol hemmelere ýagşylyk etmäge ýetişýär – diýdi.
Men ondan Antonyň haýsy kär bilen meşgullanýandygyny, gün-güzeranyny dolandyrmak üçin näme iş edýändigini soradym. Ol soragyma geň galyjy äheňde:
– Hiç kär bilen – diýip, jogap berdi.
– Kärimi?! Kär onuň nämesine gerek?!
– Gadyrdan, güzeranyňy aýlamak üçin her kimiň bir käri bolmalydyr-a?!
– Anton üçin kär gerek däl. Hemmeler oňa güzeran aýlamak üçin zerur bolan zatlary ak ýürekden berýärler. Ol pula-baýlyga ähmiýet berenok. Oňa mätäçligem ýok.
Dogrusyny aýtsam, Anton hakda bu eşidenlerime, hakykatdanam, geň galaýmalydy. Dünýäniň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziňem şäherçämizde bir döwüm çörek, bir bulgur suw almak üçin puluň bolmalydy. Ýylyjak jaýda ýatmak, üstüňi örtmek üçinem pul gerekdi. “Ol jalbary ýygyrt atan adam nädip durmuşyň ýazylmadyk şeýle berk kanunyna garşy hereket edip bilýärkä?! Şeýle ýagdaýda ol gaýgy-aladasyz ýaşamagy nädip başarýarka?!”
Başymy gaplap alan şeýle alasarmyk pikirlerden saplanmak üçin men onuň özüme näbelli bolan gizlin syrlaryny öwrenmegi ýüregime düwdüm. Garry aşpeziň aýdýanlary dogry eken. Aýdyşlary ýaly, Antonyň belli bir edýän işem ýok eken. Onuň bar pişesi ir säherden tä giç agşama çenli köçelerde aýlanyp ýörmek eken. Emma ol diňe bir boş hem entäp ýörenokdy. Ol geçip barýan paýtunda bir kemçilik görse-de, derrew ony saklap, ýagdaýy eýesine duýdurýar eken. Ýa bolmasa, ol çybyk haýatlaryň reňki solup, könelişen bolsa, eýesini çagyryp, reňkini täzelemegi maslahat berýär eken. Şonuň üçinem oňa köplenç şunuň ýaly işleri ynanýar ekenler. Sebäbi onuň şol işleri etmäge iterýän zadyň nebsewürlik däl-de, diňe hyzmat edip, adamlaryň göwnünden turmakdygyny hemmeler anyk bilýär eken.
Men soňra Antonyň başga-da kän işden başynyň çykýandygyny gördüm. Bir gezek men oňa aýakgap ussahanasynda aýakgap bejerip oturan mahaly gabat geldim. Soňra bir üýşmeleňde etek alty, ýeň ýedi bolup, hyzmat edip ýörenine şaýat boldum. Ýene bir görsem, ol çagalary oýnadyp ýör. Şu babatda bir zat meniň has-da ünsümi çekdi. Kimiň zerur işi çyksa, derrew Antondan haýyş edýärdi. Hatda, onuň bazarda alma satyp duranynam gördüm.
Ähli şäherlerde-de belli bir işiň başyny tutup bilmän ýören birgiden adamyň bardygyny bilýärin. Emma Anton beýlekiler ýaly däldi. Ol edýän işiniň möçberi nähili bolsa-da, gününi aýlamak üçin iş buýrujydan gereginden artygyny asla almazdy. Ol işleri ugruna bolsa-ha, hiç zadam almaýan eken. Ol: “Bir zat gerek bolsa, sizden haýyş edäýerin-dä” diýäýerdi. Köneje egin-eşikli, haýyr-sahawaty söýýän bu adamyň özi üçin täze bir ýörelgäni döredendigini bildim. Ol adamlaryň dogruçyllygyna ynanýardy. Öz hasabyna pul goşup biljekkä, obadaşlarynyň minnetdarlyk sözleri bilen oňýardy. Belli bolşy ýaly, adamlaryň köpüsi özleriniň hyzmatyna ýaran adamsyndan eden işi üçin birgiden pul gazanmaga mümkinçilik barka, olaryň hoşamaý sözleri bilen oňmaýarlar. Emma Anton welin, hak-heşdekli işleri etmek barada oýlanmaýardam.
Bu adamyň il-günüň arasynda nähili abraýynyň bardygyna göz ýetirmek üçin onuň diňe köçeden geçip barýan pursadyny synlaýmalydy. Hemmeler oňa güler ýüz bilen salam berip, gadyrly görşerdiler. Bu gaýgy-gamsyz ynsan egnindäki sary giden penjegi bilen mülküne işlemäge barýan daýhana çalym edýärdi. Ol islän öýüne girip, islän adamsynyň saçagynyň başynda arkaýyn oturyp bilýärdi. Ähli zat onuň emrine tabyn ýalydy. Men ertirini pikir etmän, ykbalyna kaýyl bolup ýaşaýan haýsydyr bir ynsanyň başgalara sözüni ýöredip biljekdigine öň şunuň ýaly akyl ýetirmändim.
Dogrymy aýtsam, şol sakyrtgaly wakadan soň, Antona duşsam, onuň maňa birhili keseki ýaly daşrakdan elini galdyryp salamlaşmagyny biraz gatam görýärdim. Göwnüme bolmasa, ol maňa peýdasynyň degendigini ýatlamak islemeýän ýalydy. Onuň meniň bilen gyzyklanmazlygy özümi köpçülikden çetleşdirilen ýaly duýmagyma sebäp boldy. Şoňa garamazdan, öýde haçan bir zady bejermek zerurlygy ýüze çyksa, oňa ýüz tutýardym. Arada ýagyş suwy akýan ternawym döwlende hem aşpezime Antony çagyrmagyny haýyş etdim.
Ol bolsa :
– Ony nireden tapjak? Ol bir ýerde duranog-a. Ýöne, şonda-da, men oňa habar ederin – diýip, ynamly aýdypdy.
Şeýlelikde, men bu täsin adamyň belli bir ýerde mekan tutmandygyna göz ýetirdim. Emma ony tapmak örän aňsatdy. Onuň nirededigi baradaky habary, hamala diýersiň, haýsydyr bir simsiz telegraf tutuş şähere ýetirýän ýalydy. Öňüňden çykan ilkinji adama “Bize Anton gerekdi” diýmek ýeterlikdi. Bu habar agyzdan agyza geçip, Anton ahyry özüni gerekleýänleriň birine gabat gelýärdi. Hakykatdan-da, ol şo gezegem eglenmän günortandan soň meniň ýanyma gelipdi. Ol howlymyza aýlanyp, onuň ähli ýerlerine göz gezdirdi. Anton ekinzarlyga aýlanyp ýören wagty bu ýerdäki germew edilen çybyk haýaty bejermelidigine, bir agajyň bolsa ýeriniň üýtgedilmelidigine ünsi çekdi. Ol ahyry ternawy barlap, işe başlady. Ol iki sagadyň dowamynda işini tamamlap, meniň minnetdarlyk bildirmegime-de garaşman çykyp gitdi. Men bu gezek aşpeze oňa esli pul bermegi tabşyrypdym. Men aşpez aýaldan:
– Antonyň göwni hoş boldumy – diýip soradym.
Ol :
– Elbetde, hoş boldy. Onuň göwni hemişe hoşdur. Men oňa alty şilling bermekçi boldum, emma ol bary-ýogy iki şilling aldy. Ol “Bu pul şu günüme-de, ertirime-de ýeter” diýdi. Ýöne ol şunam ýaňzytdy: “Eger hojaýynyň köne ýeňiljek paltosy bar bolsa…”.
Men berlenden az alýan adama ilkinji gezek duşdum. Men oňa zerur bolan zadyny berip biljekdigime nähili begenenimi siz bir bilsediňiz! Men derrew onuň yzyndan ylgadym:
– Anton, Anton! Men saňa ýeňiljek palto berjek!…
Men onuň gözlerindäki parahat bakyşlaryň ýagtylygy bilen ýene bir ýola ýüzbe-ýüz boldum. Özüňe zerur bolmadyk paltony başga birine bermek, elbetde, örän oňat işdi. Men aşpeze ähli köne eşiklerimi getirtdim. Anton üýşüp duran egin-başlara birlaý göz gezdirip, onuň içinden ýeňiljek paltony çekip aldy-da, ony geýip gördi. Ol:
– Bu maňa gerek bolar – diýdi.
Ol muny edil dükandan täze eginbaş alýanyň äheňinde aýtdy. Soňra ol beýleki eşiklere-de göz gezdirip:
– Bu köwüşleri Salsergrassedäki Fritze berip bilersiň. Oňa bir jübüt aýakgap gerekdi. Bu köýneklerem Skýuwaredäki Jozefe berseň, has gowy bolar. Ol munuň çala süzülen ýerlerini bejerip geýer. Eger isleseň, bulary seniň adyňdan olara äkidip hem bereýin – diýdi.
Anton bu sözleri edil pähimdar adamlaryň aýdyşy ýaly aýtdy. Men şu ýerde goş-golamlarymy asla tanamaýan adamlaryma eltip berýänligi üçin oňa aýratyn minnetdarlyk bildirdim. Ol köýnekler bilen aýakgaby ýygnap durka sözüniň üstüni ýetirdi:
– Dogrusyny aýtsam, sen gowy adam. Bulary maňa berýäň…
Soňra bolsa, ol çykyp gitdi. Dogrymy aýtsam, kitaplarym hakynda aýdylýan ýalan öwgüleriň hiç birem bu hoşamaý sözler ýaly täsir etmändi.
Şondan soňky ýyllarda men Anton hakynda kän oýlandym. Özi-de oňa minnetdarlyk duýgusy bilen. Sebäbi ömrümde maňa şonuň ýaly ruhy goldaw beren adam gaty azdy. Kän gezekler pul bilen bagly meseleleri alada eden wagtym, özüne gereginden artygyny almaýan, asuda durmuşda ýaşaýan şol adamy hakydama getirdim. Her gezegem şol bir netijä ulaşdym. Şeýle ýaşamagyň syryny hemmeler bilsedi… Her kim elinden gelen kömegi edip, özüne gerek bolanyndan artyk zat alman ýaşasady, onda durmuş öz-özünden ýeňilleşerdi.
Men indi ençeme ýyldan bäri Anton hakynda gürrüň gozgalanyny eşidemok. Emma ol hakda alada-da etmedim. Çünki şeýle seýrek häsiýetli ynsany Hudaýyň kyn günde goýmajagyny magat bilýärdim.
Terjime eden
Döwletmyrat DAŇATAROW,
Ahal welaýat teleradio
studiýasynyň gepleşikleri
gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.