Täze ýyl gijesidi. Öýlerde adamlar Aýazbabadyr Garpamygyň gelmegine garaşýardylar. Olaryň özlerini gutlamagyny isleýärdiler. Şeýdilende, ýyl çalşygy kanuny esasa eýe boljak ýalydy.
Ählisi adaty terzde dowam etdi. Çagalara, ululara hem sowgatlar gowşurylyp, hoş sözler aýdyldy. Indi öýe gaýdybermelidi.
Şonuň üçinem Aýazbaba Garpamyga:
– Ýör, agtyjagym, men seni ugradaýyn – diýdi.
– Azar edinmäň – diýip, Garpamyk özüniň hem gidip biljekdigini aýtdy.
Aýazbabanyň garaçynydy:
– Ýok, ýok, ýeke goýbär öýtme. Wagt ýarygijeden geçdi ahyryn.
– Men şäheriň çetinde ýaşaýan. Ýol alys. Size kyn bolaýmasyn?!
– Bolmaz. Öýüňize çenli ugratmasam, biynjalyk bolaryn.
– Beýle bolsa, meniň awtobusa münýän duralgama baralyň – diýip, Garpamyk özüniň ugradyljagyna begendi.
– Taksili gitsek gowy bor. Beýle giç gatnaýan awtobus bardyr öýdemok – diýip, Aýazbaba duýdurdy.
– Şeýle awtobus bar – diýip, Garpamyk öz diýeninde durdy.
Aýazbaba ylalaşmaly boldy. Öz ýanyndan welin: “Ýyl çalyşýan gije ertekipisint ahwala uçramagym hem mümkindir” diýip oýlanýardy.
Onuň ilkinji gezek Aýazbaba bolşudy. Teatrda işleýärdi. Keşpleri döredýärdi. Adyna Öwez diýýärdiler. Täze ýyly her kim öýde – çagalary bilen garşylamak isleýärdi. Entek öýlenmändigi, maşgalasynyň ýokdugy üçin oňa: “Aýazbaba sen bolarsyň” diýipdiler. Ony Aýazbabalaryň üýşýän ýerine ýollapdylar. Ol ýaşdy. Şeýle-de bolsa, sakal-murt ýelmäp, ýörite eşik geýdirip, ondan epeý bir Aýazbaba ýasadylar. “Bu gyz seniň agtyjagyň – Garpamyk. Bu haltada paýlamaly sowgatlaryňyz bar. Ynha-da, aýlanmaly öýleriňiziň salgysy” diýdiler.
Garpamyk oňa ýarady. Uzyndan inçesagat. Kirpikmen ala gözleri mähirden balkyldap dur.
Öwez edebi eserleri okamagy gowy görýärdi. Aýratynam, söýgi barada ýazylan romanlary. Ine, şolaryň birinde göz bilen sözleşip bolýandygy barada ýazylgydy. Öwez şeýtmegi niýetine düwdi: “Sen gowy gyza meňzeýäň”. Garpamygyň gözleri onuň gözlerine dessine jogap berdi: “Sen bolsa, gowy ýigide”. “Meniň arzuwym seniň deýin owadan hem asylly gyza öýlenmek. Maňa durmuşa çykarmyň?”. “Juda howlukmaç teklip. Biz entek biri-birimizi ibaly tanamyzogam…”. “Bir bakyşda aşyk bolşup, toý tutýanlar barada eşitmänmidiň?”. “Eşidipdim”. “Ine, biz hem şolaryň birisi bolarys”.
Duralga gatnawy az, köçäniň ugrundady. Şäheriň al-ýaşyl yşyklary Täze ýyl gijesine geň bezeg berip, hol alyslarda ýalbyrap görünýärdi.
Awtobus geldi. Ol Täze ýyl dabarasyna kybap bezelendi. Ýolagçysy ýetikdi. Geň ýeri, olaryň ählisi Aýazbabalardyr Garpamyklardy. Diňe awtobusyň sürüjisi adaty eşikdedi.
Öwez awtobusyň äpişgesinden daşaryk äňetdi. Gijeler benewşe ümre humarlanyp, dynç alyp ýatyrdy, onuň saýgaryp bilen zady bolmady.
Ahyry awtobus nobatdaky duralgada togtady.
– Meniň düşmeli duralgama geldik – diýip, Garpamyk begençli buşlady. Öweziň hem düşmäge häzirlenýändigini görüp:
– Mundan beýläk özüm giderin. Ugradanyň üçin sag bol! – diýdi.
Hoşlaşmaly pursadyň gelenine Öwez gynandy:
– Biz ýene-de görşerismi?
– Ol seniň islegiňe bagly – diýip, Garpamyk şelaýyn ýylgyrdy.
– Men görüşmegimizi isleýän.
– Aýazbaba hem Garpamyk bolupmy?!
– Ýok, sulhy alşan kişiler kibi.
– Bu bize başardarmyka?
– Elbetde, başardar.
– Beýle bolsa, seniň ejem bilen gürleşmegiň gerek…
– Ýogsa-da, seniň adyň näme? – diýip, Öwez howlukmaç sorady.
– Jeren. Seňki näme?
– Öwez.
Olar biri-birine “Aýazbabadyr” “Garpamyk” diýşip, hakyky atlaryny hem häzire çenli bilmeýändiklerine, indi sorap tanyşýandyklaryna gülüşdiler.
Awtobusyň gapysy ýapylyp, Garpamygyň hoşlaşyp, goluny galgadýan keşbi göründi.
Her duralgada düşjekleri düşürip, awtobusyň içi boşap galdy. Sürüji soňky duralga ýetip, gapyny açdy. Öweziň düşmeýänini görüp:
– Awtobus mundan beýläk gitmeýär – diýdi.
– Men yzyma – şähere aşmaly ahyryn. Bärden bolsa, taksi hem gatnamaýar – diýip, Öwez aljyrady.
Sürüji Öweziň ýüzüne geň galyp seretdi:
– Siz hakyky Aýazbaba dälmi?
Öwez sürüjiniň bu sowalyna äm-säm boldy:
– Eýsem, hakyky Aýazbaba hem bolýarmy?
– Ýaňky Aýazbabalardyr Garpamyklaryň ählisi-de hakyky.
– Men bolsa, hakyky Aýazbabadyr Garpamyk bolmaýar diýen pikirdedim.
– Bu pikiriň jany ýok däl. Men hem çagalykdan şeýledir öýderdim. Ýöne hakyky Aýazbabadyr Garpamyklaryň-da bolýandygyna şu awtobusy sürüp ugranymda göz ýetirdim. Olar indi geljek Täze ýyla çenli bärde ýaşarlar.
– Meniň ýaňky ugradan Garpamygym hem hakykymy? – diýip, Öwez bilesigelijilik bilen sorady.
– Elbetde! – diýip, sürüji jogap berdi. – Ony sulhuňyz aldymy?
– Hawa, men ony haladym.
– Siziň sözleriňiz ýürekden çykýar. Oňa öýlenäýmek niýetiňizem barmy?
– Eger göwnese…
– Gyz göwnär. Ýöne siz onuň ejesiniň şertine kaýyl bolsaňyz…
– Ol nähili şert?!
– Ony özünden eşitseňiz gowy bordy – diýip, sürüji şert barada dil ýarmajakdygyny ýaňzytdy. – Ýöne onuň kimiň gyzydygyny welin aýdyp bilerin.
– Aýtsaňyzlaň!
– Gar perisiniň gyzy.
– Aý, ýog-a?!
– Hawa, hut şeýle.
– Size indi: “Şu gelen ýerimiz ertekiler dünýäsi” diýäýmek galdy.
– Diýdigim hasaplaýyň.
Bu habara Öweziň halys lapykeç bolandygyny gören sürüji:
– Her näçe ýadaw hem bolsam, men sizi yzyňyza – şähere eltip gaýdaýyn – diýdi.
Şol öňki duralga getirip:
– Eger, birden, beýläk gitmegi niýet edinseňiz, ýarygijeden soň şu ýere geläýiň. Iki arada gatnaýan ýeke-täk ulag şudur – diýdi.
Öwez birnäçe gün oýlanyp gezdi. Jereniň keşbi göz öňünden gidenokdy. Ony görsem diýip, ýüregi atygsap durdy. Ahyrsoňy oňa til etdi. Ejesi bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy.
…Gar perisi ony buzdan gurlan köşgünde kabul etdi. Köşgüň ähli bezegi, içindäki zatlar hem täsin öwüşgin atyp duran buzdandy. Her dürli güllerdir agaçlar çuw-ak reňklidi. Bärde sowuk gözellik höküm sürýärdi. Örän güýçli sowutgyçlar buz köşgüniň baky doňaklykda saklanmagyny üpjün edýärdi.
Gar perisi haşamly buz kürsüsinde oturşyna, Öwezi boýdan-başa synlady. Soňra iniňi tikenekledip barýan sowuklaç sesi bilen ýüzlendi:
– Meniň gyzyma öýlenmek isleýämiň?
– Hawa.
– Sen ony söýýämiň?
– Tüýs ýürekden.
– Bolýar, men razy. Toý tutuň, önüp-ösüň, bagtly ýaşaşyň! Ýöne… – diýip, Gar perisi Öweziň göreçlerine dikanlap bakdy.
Öwez süňňüne ornap barýan sowukdan ýaňa saňňyldaýardy. Hiç haçan şeýle üşemändigi ýadyna düşdi.
Gar perisi şertini mälim etdi:
– Eger-de sen öýleneniňden soň, başga zenana göwün berip, gyzymy ynjytsaň, men saňa temmi bererin. Doňduryp, buz heýkele öwrerin. Şu şerte razymyň?
Öwez maşgalasyna ygrarly bolmagy niýet edinýärdi. Şonuň üçinem:
– Razy – diýip, jogap berdi.
Bu pajygaly pursatdan soňra, Jeren oňa ejesiniň buz köşgüni aýlap görkezdi.
Özüniň bärde ýaşamaýandygyny, onuň köşgünde güller açylyşyp, guşlar saýraşyp durandygyny aýtdy.
Öwezi bar zatdan beter hopukdyran doňdurylyp goýlan buz heýkeller boldy.
– Bu heýkeller bizi ynjydyp, ejemiň gazabyna duçar bolanlaryňky – diýip, Jeren düşündirdi. – Ynha, bu oglan bilen bir synpda bile okapdyk. Saçymdan çekip, ýaramaz sözleri aýdyp, azar bererdi. Bu ýigitler hem öz gödeňsilikleri bilen göwnüme degipdiler. Bu gyz bolsa, meniň joramdy. Ýöne ol görip hem gybatkeşdi. Yzymdan gybatymy edip, abraýymy dökýärdi.
– Ejeň näme üçin beýle zabun – diýip, Öwez gyzyklandy.
– Muňa kakamyň biwepalygy sebäp boldy – diýip, Jeren gussaly keşbe girdi. – Ynha, onuň heýkeli – diýip, bir çetde özbaşyna duran heýkeli görkezdi. – Men kiçijikdim. Ol başga zenana göwün berip, bizi terk etdi. Ine, şol aýalyň heýkeli. Ejem muňa başda juda gynandy, kemsindi. Soňra gahar-gazaba mündi. Ar almagy ýüregine düwdi. Nädipdir ertekiler dünýäsine aşyp, betniýetli jadygöý kempiriň kömegi bilen Gar perä öwrüldi. Şondan bäri hem ol maňa ýa-da özüne erbetlik edeni bagyşlamaýar.
– Gussaly ahwal – diýip, Öwez başyny gynançly ýaýkady.
– Hawa, gussaly kemi ýok – diýip, Jeren çygjaran gözlerini süpürdi. – Ýör, indi saňa öz bolýan köşgümi görkezeýin. Ol ýerde ýaşamak ýakymly.
Biraz dymşyp gitdiler. Birdenem, Jeren lapykeç dillendi:
– Bilýäňmi näme, men hem ejemiň täleýine uçraryn, Gar perä öwrülmeli bolaryn öýdüp gorkýaryn.
– Gorkma – diýip, Öwez ony mähirli gujaklady.
– Men saňa ynanyp bilerinmi?
– Elbetde!.
* * *
…Sürüji Öwezi dözümli yralady:
– Aýazbaba, tur, tur, geldik!
Öwez gözlerini açanda, ýadaw bolansoň, oturan ýerinde ymyzganandygyny, Täze ýyl hekaýatynyň dowamyny düýşünde görendigini, onuň dowamynyňam bolaýmagynyň mümkindigini aňyp, begençli ýylgyrdy. Diňe şondan soň garaža barýan awtobusy saklap: “Menem şol töwerekde ýaşaýan” diýip, münendigi onuň ýadyna düşdi.