Geçen ýylyň ahyrynda ýapon ýazyjysy Haruki Murakami 2017-nji ýylyň fewralynda täze romanynyň çykjakdygyny mälim etdi. Ýöne kitabyň nähili atlandyryljakdygy barada habar berilmedi.
a “Albaý”, Çak Palanik. Belli ýazyjy soňky ýyllarda öz muşdaklaryna reňkli suratlar bilen bezelen dürli hekaýalar ýygyndysyny hödürledi.
a “Tükeniksiz degişme”, Dewid Foster Uolles. Bu eser 20 ýyl mundan ozal ABŞ-da neşir edilen eken. Ol ilkinji gezek 1923-nji ýylda neşir edilen iňlis dilinde ýazylan iň gowy eserleriň biridir.
a “Ine men”, Jonatan Safran Foeran. Eserdäki wakalar ABŞ-nyň Waşington şäherinde bolup geçip, wakalar çeper beýan edilişi bilen tapawutlanýar.
a Golliwud aktýory Geri Oldmeniň “Atlylar” atly söýgi romany.
a Frensiz Skott Fisjeraldyň “Seniň üçin janymy bererdim” romany. Öňümizdäki baharda “Beýik Getsbiniň” awtory geçmişden bize salam ýollar. Onda awtoryň geçen asyryň 30-njy ýyllarynda ýazan we mundan ozal çap edilmedik hekaýalary ýerleşdiriler.
a “Döreýiş”, Den Braun. Şu ýylyň güýzünde Den Braun “Döreýiş” diýlip atlandyrylan bäşinji romany bilen begendirer. Roman 2017-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda neşir ediler.
a “Markyň işiniň görülmegi”, Wereniko Rot. Eserde başga planeta düşüp, kyn ýagdaýda galan ýaşlaryň ykbaly barada gürrüň berilýär.
a “Gyşyň ýeli”, Jorj Martin. Fantast ýazyjynyň muşdaklary “Buzuň we alawyň aýdymynyň” 6-njy jildine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Kitap şu ýylyň 9-njy martynda satuwa çykarylar.
a “Milleniumynyň dowamy”, Dawid Lagekrans. Dawid Lagekrans “Men Zlatan” we “Ot bilen oýnaýan gyz” ýaly romanlaryň awtorlary bolup, onuň indiki kitaby şu ýylyň güýzünde neşir ediler.