Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylyk ulgamynda hereket edýän organlaryndan Ýewroparlamente täze ýolbaşçy bellenildi. Strasburg şäherindäki edara binasynda geçirilen ses berlişikde Italiýanyň raýaty Antonio Taýani bu wezipä saýlandy. Ol bu wezipä Ýewropanyň Halk partiýasy tarapyndan hödürlendi. Bular barada Ýewroparlamentiň resmi internet saýty habar berýär. Antonio Taýani mundan ozal, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary hem-de Ýewroparlamentiň Başlygynyň orunbasarlygyny alyp bardy.
63 ýaşyndaky Taýani üçin 351 deputat ses berdi. Onuň esasy bäsdeşi Janni Pitella bolsa, 282 ses aldy. Ses berlişik gizlin amala aşyryldy.
Ol wezipä saýlanandan soňra deputatlaryň öňünde çykyş edip, olara öz hoşallygyny bildirdi. Taýani özüniň hiç hili syýasy maksatnamasynyň ýokdugyny belläp, Ýewropa Parlamentine ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy. Ol bu wezipede işlän döwründe Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki möhüm meseleleri çözmek üçin işlejekdigini nygtady. Antonio Taýani ykdysady ösüş, durmuş üpjünçiligi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, sanlaýyn ykdysadyýeti ösdürmek, energiýa meselelerine has köp üns bermek, Ýewropanyň gymmatlyklaryny goramak ýaly ugurlarda işleriň utgaşykly alnyp barylmagyna gözegçiligi has-da güýçlendirjekdigini mälim etdi.
Ýewropa Parlamentiniň ýolbaşçysy üçin 6 dalaşgär bäsleşdi. Bu ugurda ýeňiş gazanmak Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň senagat we telekeçilik boýunça orunbasaryna başartdy. Italiýanyň öňki Premýer-ministri Silwio Berluskoniniň metbugat sekretary wezipesinde-de işlän Taýaniniň “Italiýa öňe” partiýasy Ýewropanyň Halk partiýasynyň düzümine goşulypdy.
Ýewropanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy 2,5 ýyl möhlete saýlanýar. Geçen ýylyň noýabr aýynda bu wezipede işleýän germaniýaly syýasatçy Martin Şuls işini tabşyrjakdygyny mälim edipdi.