“Nokia” şu ýyl 5–6 sany täze telefon çykarjakdygyny mälim etdi.
Golaýda “Nokia” kompaniýasy birküç ýyllyk arakesmeden soňra özüniň ilkinji “Android” ulgamly smartfonyny hytaýly müşderilerine ýetiripdi. Fin şereketi 26-njy fewralda telefonlary barada täze maglumatlary berjekdigini mälim etdi. 27-sine bolsa, dünýäniň iň uly mobil sergisi “Mobile World Congress 2017” halkara sergisi öz işine başlaýar. Halkara sergisinde LG we “Samsung” ýaly dünýä ägirtleri hem öz täze önümlerini tanyşdyrarlar. “Nokia”-nyň beýleki iri şereketler bilen deň hatarda öz täze önümini tanyşdyrmagy bolsa, olar bilen bäsdeşlige girjekdigini alamatlandyrýar.
Şeýle hem golaýda Hytaýda satuwa çykarylan modeliň ilkinji 24 sagatda 250 müň sargyt kabul edendigi mälim edildi. Ilkinji dört günde bolsa, 100 müň ulanyjy ony almaga isleg bildiripdir. Öňünden sargyt eden müşderiler dokuz dollar tölemeli bolýarlar. Bu töleg enjam satyn alnan wagty ondan aýrylýar.
Bu görkezijiniň “Apple” ýa-da “Samsung” ýaly iri şereketler üçin az bolmagy mümkin. Emma “Nokia” ýaly birnäçe ýyl bu bazardan uzakda galan firma üçin ujypsyz däl. Geljek aý Barselonada geçiriljek “MWC 2017” halkara sergisinde ýokary aýratynlykly enjamyny tanyşdyrmagy bilen “Nokia”-nyň satuwynyň has hem ýokarlanmagyna garaşylýar.