Uçar önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy “Air­bus” sü­rü­ji­siz ho­wa gä­mi­le­ri­ni ön­dür­mek üçin ta­gal­la ed­ýär. Brend Ger­ma­ni­ýa­nyň Mýu­nih şä­he­rin­de ge­çi­ri­len San­la­ýyn dur­muş di­zaý­ny (Di­gi­tal Li­fe De­sign) mas­la­ha­tyn­da pi­lot­syz uçar tas­la­ma­sy ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. “Vaha­na” at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ön­dü­ril­jek ki­çi göw­rüm­li ho­wa ulag­la­ry şä­he­ri­çi gat­naw­lar­da peý­da­la­ny­lar. Bu ba­ra­da mag­lu­mat be­ren kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Tom En­ders mun­dan 100 ýyl ozal şä­he­ri­çi gat­naw­lar­da ýe­ras­ty ýol­lar­dan peý­da­la­ny­lan­dy­gy­ny, in­di­ki teh­no­lo­gi­ýa bi­len bu gat­na­wyň as­ma­na çyk­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Ol hä­zir­ki wagt­da tas­la­ma­nyň sy­nag tap­gy­ry­ny ama­la aşyr­ýan­dyk­la­ry­ny, gel­jek­de gym­ma­ta düş­jek köp­rü­le­riň ýa-da ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ze­rur­lyk du­ýul­ma­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Ýol­baş­çy ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy we kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň ho­wa aşa köp goý­be­ril­me­gi ýa­ly me­se­le­le­ri hem göz­den sal­ma­ýan­dyk­la­ry­ny, ga­ly­ber­se-de, bu ula­gyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Nus­ga­lyk gör­nüş­de taý­ýar­la­nan ulag­da dör­dü­si öň­de, dör­dü­si yz­da, je­mi se­kiz pyr­la­waç bar. Gel­jek­de öz­baş­dak sü­rüş teh­no­lo­gi­ýa­syn­da eme­li aňyň aw­tou­lag we beý­le­ki gat­naw se­riş­de­le­ri­ne gö­nü­den-gö­ni tä­sir et­jek­di­gi aý­dyl­ýar.