Göwnüň aýdymy
Göwnümiň çuňlugyndaky aýdym, gepsiz-sözsüz bolup, kalbymyň jümmişinde ýaşaýar we syýa bilen kagyzyň ýüzüne akmak islemeýär. Ol meniň söýgimi näzik örtük bilen dolap, dilime ygtyýar bermeýär. Hatda howa bilen garyşmagyndan heder edýärkäm, nädip men ol nepesi daşyna goýbermeli? Men ýiti gulaklardan çekinýän bolsam, köňül öýünde ýaşaýan şol aýdymy kime aýdyp bermeli? Haçan-da, men içki gözlerime bakamda, ol ýerde onuň saýasynyň suduryny görýärin; barmaklarymyň uçlary bilen galtaşanymda, onuň sandyraýandygyny syzýaryn. Meniň elimiň hereketi kölüň ýyldyzlaryň şuglasyny yzyna serpikdirişi dek onuň barlygyna diňşirgenýär, gözýaşlarym bolsa, güli jöwza birahat edýärkä, nem damjalarynyň gülüň syrlaryny açyşy ýaly ony beýan edýär. Bu aýdym ümsümlik bilen ýazylyp, şowhun bilen hem düýrlenen; ony düýşler gaýtalaýar, ýöne hakykat gizleýär. Bu ynsanlar baradaky söýgi aýdymy! Ol jasminiň hoşboý ysly güli bolup, haýsy diller ony saýrar?! Ol gyzlaryň pynhan syrlary bolup, haýsy tarlar olar hakda saz çalar?! Kim deňziň güwwüldisi bilen bilbiliň saýramasyny sepläp biler?! Kim tupan bilen çaganyň nepesini baglanyşdyryp biler?! Haýsy ykbal älemleriň aýdymyny aýdar?!
Tolkunyň aýdymy
Men we kenar – aşyk-magşuklar; bizi söýgi ýakynlaşdyrýar, Aý bolsa, aýra salýar. Men onuň altyn çägeleri bilen özümiň kümüş köpürjiklerimi garyşdyrmaga we özümiň nemim bilen onuň kalbynyň yssysyny sowatmaga mawy şapakdan gelýärin. Şapakda öz dostumyň gulagyna söýgi pendini pyşyrdaýaryn we ol meni öz kükregine gysýar. Agşam çaglary joşgun bilen dileg edýärkäm, ol menden posa alýar. Men kesir, ynjalyksyz, aşygym bolsa, men bilen birlikde sabyrly, men bilen dostlukda tutanýerli. Daşgyn wagty men öz aşygymyň gujagyna dolýaryn; gaýtgyn wagty bolsa, men onuň aýagyna ýykylýaryn. Men suw perileriniň çuňlukdan çykyp, ýyldyzlara aşyk bolup, kertde otyrkalar, olaryň töwereginde, gör, näçe gezekler möwç urdum.
Men aşygyň yşk-muhabbetden zeýrenýändigini, gör, näçe gezekler eşitdim, oňa näzenininiň ahyny çekmäge we perýat etmäge kömek etdim. Men, gör, näçe gezekler gaýalar bilen söhbet gurdum, ýöne olar sessiz-üýnsüzdiler, men olara, gör, näçe gezekler gülüp, näz etdim, ýöne olar ýylgyrmadylaram. Men, gör, näçe ynsany girdapdan halas etdim we sag-salamat kenara ýetirdim! Gör, men näçe dürdänesini deňziň çuňlugyndan daşyna çykardym we söýgüli kenaryma sowgat etdim! Haçan-da, gije ümsümliginde melullygyň ruhy ähli janly-jandary bagryna basanda, men kä aýdym aýdyp, kä ah çekip, uklaman geçirýärin. Şum bagtym. Ukusyzlyk meni halys etdi, ýöne men özümi söýdürdim, söýgimiň özeni bolsa, ukusyzlyk. Meniň durmuşym şeýle, dirikäm şeýleligime hem galaryn.
Ýagşyň aýdymy
Biz al-asmandan Hudaýyň ýagdyrýan kümüş sapaklary; bizi tebigat garbap alyp, jülgelere zynat berýär. Biz – Astartynyň jygasyndan dökülýän ajaýyp dürdäneleri, bizi säheriň kenizi kakyp alýar we meýdanlara seçeläp çykýar. Men gözýaş dökýärin, ýöne alaňlar ýylgyrýarlar; men aşak düşýärin, ýöne güller ýokary çykýarlar. Bulut we meýdan – aşyk-magşuklar, men bolsam, olaryň arasyndaky duýgudaşlygyň, hoşniýetligiň buşlukçysy. Men ýagýaryn, kimdir biriniň jöwzaly teşneligini gandyrýaryn, ýene-de biriniň nähoşlugyna bolsa, tenekar bolýaryn. Gök gümmürdisiniň sedasy we ýyldyrymyň zarbasy meniň gelendigimi jar edýär, gökdäki älemgoşar bolsa, göçüp-gonuşymyň soňlanandygyny habar berýär.
Men deňziň jümmüşinden ýokary göterilýärin we howanyň ganatynda seýran edýärin. Owadan bagy göremde, aşak düşýärin we gülleriň leblerinden öpýärin, daragtlaryň şahalaryny bagryma basýaryn. Men näzik barmaklarym bilen penjirelerdäki aýna kakýaryn we bu urgular duýgur göwünleriň düşünýän aýdymyny düzýärler. Howanyň yssylygy meni döredýär, men bolsam, howanyň yssylygyny teýim edýärin. Men deňziň nepesi, asmanyň gözýaşy, meýdanlaryň ýylgyrmasy. Söýgi hem duýgular deňziniň nepesi, gözýaş asmanyň oý-pikiri we ýylgyryş hem göwün telwasynyň meýdany.
Gözelligiň aýdymy
Men söýginiň ýolbeledi, men – göwün üçin meý, kalp üçin iýmit. Men saba-säherlerde öz ýüregini açýan gül; meni gyzlar goparyp, öpýärler we saçlaryna jyga edýärler. Men bagt öýi, men şatlygyň çeşmesi, men asudalygyň gözbaşy. Men gyzlaryň lebindäki mylaýym ýylgyryş, meni gören ýetginjek özüniň muşakgatyny unudýar, onuň durmuşy süýji düýşleriň çemenzarlygyna öwrülýär. Men şahyrlaryň ylhamlandyryjysy, men suratkeşleriň ruhlandyryjysy, men sazandalaryň halypasy. Men çaganyň gözündäki bakyş; ony mährem ene görüp, dyza çökýär, dileg edip, Hudaýy şöhratlandyrýar. Men Ýelena gülüp bakdym we Troýany syndyrdym; Kleopatra täç geýdirdim we Nil jülgesini şatlyk gurşap aldy.
Men benewşe gülüniň näzik nepesi, men möwçlerden hem güýçli. Eý, ynsanlar, men hakykat! Men hakykat! Bu siziň bilip, aňyp bilýän iň gowy zadyňyz!
Gülüň aýdymy
Men – tebigatyň aýdýan sözi, soňra tebigat ony yzyna alyp, öz kalbynyň ammarynda gizleýär, bir salymdan bolsa, ýene-de gürleýär. Men – gök çadyrdan ýaşyl hala düşen ýyldyz. Men – gyşyň göwresinde göteren, baharyň dünýä inderen, tomsuň ösdürip ýetişdiren, güýzüň tebigatynyň ukladan gyzy.
Säher bilen nesim şemalyna jahanyň ýagtylyp başlandygyny buşlaýaryn, agşamara bolsa, guşlar bilen birlikde, onuň bilen hoşlaşýaryn. Men jülgelerde ygşyldap, olara zynat berýärin, howadan dem alyp, ony hoşboý ys bilen doldurýaryn. Men melullygy bagryma basýaryn, gijäniň sansyz-sajaksyz gözi bolsa, maňa seredýär. Maňa gündiziň ýeke-täk gözi – Kuýaşyň seretmegi üçin ukusyzlygy gözleýärin. Men nemiň meýini içýärin, guşlaryň nagmasyna gulak asýaryn, otlaryň sazlaşykly tansyna syn edýärin. Men aşyklaryň sowgady, men toý gültäji, men bagtly pursatdan ýadygärlik, men şatlygyň bir parçasy.
Men ýagtylygy görmek üçin hemişe ýokaryk seredýärin, öz saýamy welin görmeýärin. Heniz ynsanyň hem öwrenmedik paýhasy şeýle.
Terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew. “Zaman-Türkmenistan”.