Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da saý­la­nan Pre­zi­dent Do­nald Tramp şu ýy­lyň 20-nji ýan­wa­ryn­da ka­sam ka­bul edip, res­mi taý­dan we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Ýur­duň 45-nji Pre­zi­den­ti da­ba­ra­ly ýag­daý­da ge­çi­ri­len we­zi­pä gi­riş­mek çä­re­sin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň we­zi­pe­le­ri­ni ak ýü­rek bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ni we Kons­ti­tu­si­ýa­ny go­ra­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
– Men Do­nald Jon Tramp Bir­le­şen Ştat­la­ryň pre­zi­den­ti­niň we­zi­pe­si­ni ak ýü­rek­den ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­me, Bir­le­şen Ştat­la­ryň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­ny güý­jü­miň ýe­ten de­re­je­si­ne çen­li go­ra­jak­dy­gy­ma, gol­da­jak­dy­gy­ma da­ba­ra­ly ýag­daý­da ka­sam ed­ýä­rin. Ma­ňa Taň­ry­nyň özi kö­mek et­sin! – di­ýip, Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne gi­riş­di.
ABŞ-da ka­sa­myň ýazgysy 1789-njy ýyl­dan bä­ri üýt­ge­dil­män gel­ýär. Di­ňe bir ge­zek “Ka­sam et­mek” sö­zi “Da­ba­ra­ly ýag­daý­da bil­dir­ýä­rin” sö­zi bi­len üýt­ge­dil­di. Ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy ýur­duň Kong­re­si­niň (Ka­pi­to­li­ýa­nyň) bas­gan­ça­gyn­da ge­çi­ril­di.
Ka­sam ka­bul eden­den soň­ra Do­nald Tramp çy­kyş et­di. Ol haý­sy­dyr bir par­ti­ýa­nyň ýur­dy do­lan­dyr­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, hal­kyň ýur­duň hö­kü­me­ti­ni do­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny ýat­dan çy­kar­ma­ly däl­di­gi­ni bel­läp geç­di.
Ol tä­ze kon­sep­si­ýa bi­len iş­le­jek­di­gi­ni nygtap, hem­me zat­dan öň­de Ame­ri­ka­nyň bäh­bit­le­ri­ni na­zar­da tut­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Bi­le­lik­de Ame­ri­ka­ny has güýç­li döw­le­te öwür­jek­dik­le­ri­ni bel­län Tramp tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hem-de önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň kuw­wa­ty­nyň has-da art­dy­ryl­ma­gy ug­run­da ta­gal­la et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Şeý­le hem ol älem gi­ňiş­li­gi­ni öw­ren­me­gi do­wam et­dir­jek­dik­le­ri­ni, tä­ze der­man­la­ryň hem-de teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ön­dü­ril­me­gi­ne has köp üns be­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Pre­zi­dent Tramp da­ba­ra­dan soň­ra te­le­fon ar­ka­ly il­kin­ji söh­bet­deş­li­gi­ni ge­çir­di. Ol da­şa­ry ýurt­ly döw­let ýol­baş­çy­la­ryn­dan Ys­ra­ýy­lyň Prem­ýer-mi­nist­ri Bin­ýa­min Ne­tan­ýa­hu bi­len söh­bet­deş bol­dy we ony few­ral aýyn­da Wa­şing­to­na ça­gyr­dy. Sa­pa­ryň möh­le­ti dip­lo­ma­tik ugur­lar ar­ka­ly kes­git­le­ner.
Res­mi çä­re­le­riň yzy­sü­re Do­nald Tramp il­kin­ji ka­rar­la­ra öz go­lu­ny goý­dy. Ol ýur­duň Se­na­ty­nyň tas­syk­la­ma­gy­na ze­rur bol­ma­dyk ýol­baş­çy­la­ry we­zi­pä bel­le­di. Pre­zi­den­tiň orun­ba­sa­ry Maýk Pen­siň, Ak Ta­myň iş do­lan­dy­ry­jy­sy Raýns Pri­ba­syň hem-de mil­li howp­suz­lyk bo­ýun­ça mas­la­hat­çy Maýkl Flin­niň, şeý­le-de uly ge­ňeş­çi­ler Kel­li­en Ko­nue­ýiň, Stiw Ben­no­nyň hem-de mas­la­hat­çy Ja­red Kuş­ne­riň ka­sam­la­ry­ny ka­bul et­di.
Bu­lar­dan baş­ga-da Tram­pyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hö­kü­me­tiň dü­zü­min­de iş­le­jek mi­nistr­ler hem Se­nat ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nyp baş­lan­dy. Eý­ýäm go­ran­mak mi­nist­ri Jeýms Met­tis, içer­ki howp­suz­lyk bo­ýun­ça mi­nistr Jon Kel­li, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Reks Til­ler­son hem-de Mer­ke­zi aň­taw eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Maýkl Pom­peo­nyň da­laş­gär­li­gi tas­syk­lan­dy.
Şeý­le hem ýur­duň Se­na­ty ABŞ-nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li we­zi­pe­si­ne hö­dür­le­nen Gü­nor­ta Ka­ro­li­na şta­ty­nyň ozal­ky gu­ber­na­to­ry Nik­ki Heý­li­niň da­laş­gär­li­gi­ni makul­la­dy. 45 ýa­şyn­da­ky Heý­li Hin­dis­tan­dan gö­çüp ge­len maş­ga­la­da dün­ýä in­ýär. Ol mun­dan ozal te­le­ke­çi­lik bi­len meş­gul­lan­dy we 2011-nji ýyl­da iň ýaş gu­ber­na­tor de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Nik­ki Heý­li Ba­rak Oba­ma­nyň döw­rün­de BMG-niň he­mi­şe­lik we­ki­li bo­lan Sa­man­ta Paue­riň or­nu­na ge­çer.
Tram­pyň il­kin­ji myh­ma­ny.
ABŞ-nyň tä­ze Pre­zi­den­ti Do­nald Tram­pyň Ak Tam­da­ky il­kin­ji da­şa­ry ýurt myh­ma­ny Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri ha­nym Te­re­za Meý bol­dy. Bu ba­ra­da iki ýur­duň köp­çü­lik­le­ýin met­bu­gat gul­luk­la­ry ha­bar ber­di. Iki ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­niň esa­sy­ny söw­da gat­na­şyk­la­ry düz­di.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Te­re­za Meý Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bi­len bir ha­tar­da beý­le­ki döw­let­ler, hu­su­san-da ABŞ bi­len söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ös­dür­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di.
ABŞ Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Ger­ma­ni­ýa­dan soň­ra ikin­ji uly söw­da hyz­mat­da­şy­dyr. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy 186 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar­dyr. Şeý­le hem Be­ýik Bri­ta­ni­ýa gel­ýän da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ryň sa­na­wyn­da-da ABŞ öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär.