Gowy bolmak juda ýeňil – kimdir birini aýyplamazdan ozal, diňe onuň ýerinde özüňi goýup göräýmeli.
Marlen Ditrih.
Düzedip bolmaýan zada gynanmagyň peýdasy ýok.
Eger-de sen gerekmejek zady satyn alan bolsaň, onda basym sen özüňe zerur bolan zadyňy satmaly bolarsyň.
Benjamin Franklin.
Duşmanlaryňyzy bagyşlaň – bu olary unutmagyň iň gowy usuly.
Oskar Uaýld.
Islegde müňlerçe ýol bar, islemezlikde müňlerçe päsgelçilik.
Eger-de siziň islegiňiz mümkinçilikleriňiz bilen gabat gelmeýän bolsa, ýa islegiňi çäklendirmeli, ýa-da mümkinçilikleriňi artdyrmaly.
Umytsyz adam her mümkinçilikde kynçylyk görýär, röwşen pikirli adam bolsa, her kynçylykdan mümkinçilik gözleýär.
Uinston Çerçil.
Adamyň sözi we hereketi gabat gelende arzylydyr.
Fridrih Nisşe.