Fan­tast ýa­zy­jy Jorj Mar­tin şu ýyl “Buz­la­ryň we a­law­la­ryň aý­dy­my” at­ly fan­tas­tik ese­ri­niň soň­ky sa­ny­ny çy­kar­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Bu eser esa­syn­da bü­tin dün­ýä bel­li bo­lan “Tagt­la­ryň oý­ny” at­ly meş­hur se­ri­al su­ra­ta dü­şü­ril­di. Ýa­ňy ýa­kyn­da aw­tor öz muş­dak­la­ry­na “Gy­şyň ýe­li” ese­ri­niň üs­tün­dä­ki iş­le­ri­niň öňe iler­le­ýän­di­gi­ni ha­bar be­rip­di. Bu eser ki­tap tap­gy­ry­nyň al­tyn­jy­sy bo­lar.
Şu gün­ki gün­de “Buz­la­ryň we alaw­la­ryň aý­dy­my” tap­gy­ryn­dan soň, 2011-nji ýyl­da ne­şir edi­len “Až­dar­ha­nyň tan­sy” onuň iň soň­ky çap edi­len ki­ta­by­dyr.