2013-nji ýylda “Microsoft” tarapyndan satuwa çykarylan “Nokia Lumia 1020” smartfony uly islegden peýdalanypdy. Sebäbi ol iň ýokary kamera aýratynlyklaryna eýedi. Onuň kamerasynyň durulygy fotoapparatlaryň hem köpüsinden ýokary bolmagy bilen tapawutlanypdy. Onuň 41 MP durulygyndaky kamerasy öndürilenden 4 ýyl geçensoň, mikroskop hökmünde ulanmaga mümkinçilik berdi. Golaýda şwed hünärmenleri öýjükleri we dokumalary öwrenmek üçin smartfondaky kameradan peýdalanýan mikroskop işläp taýýarladylar. “Nokia Lumia 1020” smartfonynyň kamerasy we iki sany LED çyradan emele gelen mikroskop molekulýar anyklaýyş we DNK analizi üçin peýdalanylar. Şeýlelikde, lukman mobil enjamlar üçin niýetlenen mikroskoby bu smartfona birikdirip, lukmançylyk abzallary bilen enjamlaşdyrylmadyk ýerlerde hem birnäçe barlaglary geçirip biler.