Mobil enjamlaryny öndürýän kompaniýalary bu önümleriň dürli böleklerini başga şereketlerden satyn alýarlar. Dünýäniň iň köp smartfon satýan kompaniýasy bolan “Samsung” mobil enjamlarynda öz önümi bolan “Exynos” mikroprosessoryny has köp ulanar. “Exynos” prosessorlary häzirki wagtda diňe ýokary we orta derejeli telefonlarda ulanylýar. Geçen ýyl iň köp satylan smartgfon bolan “Galaxy A12”-lerde hem “Exynos” mikroprosessory oturdylypdy. Şeýle bolansoň, kompaniýa “Galaxy A13”-iň iki nusgasyny tanyşdyrdy. Olaryň birinde “Exynos 850” mikroprosessory oturdyldy. Koreý brendi “Galaxy A53” we “Galaxy A33” telefonlarynda hem “Exynos 1280” mikroprosessoryny ulanýar.

Soňky ýyllarda ýarymgeçiriji bazaryndaky bäsdeşlik ýokarlandy. Şeýle bolansoň koreý kompaniýasy ýene bir mikroprosessory öndürmegi maksat edinýär. “Google” kompaniýasy “Pixel 6” smartfonlarynda öz öndüren “Tensor” mikroprosessoryny oturdan bolsa, “Apple” “Mac” kompýuterlerinde M1 seriýasyna degişli prosessorlary ulanyp başlady.

Meýlis Hamraýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby