Kinofilmleri görmäge mümkinçilik berýän “Netflix” platformasynyň bazar bahasynyň 100 milliard dollar bolandygy habar berildi. Kompaniýanyň girdejisi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,8 artyp, 7,8 milliard dollara ýetdi. Şeýle-de bolsa kompaniýanyň peýdasy 6 göterim töweregi azalyp, 1,6 milliard dollara düşüpdir. Şeýle hem kompaniýanyň abunaçylarynyň sanynyň 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek pese gaçandygy habar berildi. Abunaçylaryň sanynyň azalmagyna hyzmatyň bahasynyň artmagy we bäsdeşleriniň köpelmeginiň täsiriniň badygy habar berildi. Bilermenler bu pese gaçyşlygyň öwezini tölegsiz hödürlenýän hyzmatdaky mahabatdan gelýän girdejiler arkaly dolup biljekdigini belleýärler.
Soňky ýyllarda “Disney” “Amazon” we Apple” ýaly beýleki kompaniýalar hem kino platformalaryny hyzmata hödürläpdi. Şeýle-de bolsa häzirki wagtda 220 milliondan gowrak abunaçysy bolan “Netflix” bu ugurda dünýäde öňdeligi eýeleýär.
Şatlyk Baýrammyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby