Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglarynyň önümçiligini ýatyrjak senesini mälim edýärler. Olaryň hataryna “Audi” hem goşuldy. Kompaniýa 2040-njy ýyldan başlap adaty ýangyçly ulaglarynyň önümçiligini dolulygyna ýatyrar. Şeýle-de bolsa, brend 2033-nji ýyldan başlap, Ýewropada nebit ýangyçly ulag satuwyny ýatyrar. Bu brende eýeçilik edýän “Volkswagen” bolsa, 2035-nji ýyldan başlap, bu ulaglaryň Ýewropa ýurtlaryndaky satuwyny duruzar. Nemes brendi ondan soňky ýyllarda Hytaýda we ABŞ-da şeýle düzgüni ýola goýar.
Birnäçe ýyldan Ýewropa ýurtlarynda “Euro 7” ýangyjynyň ulanylmagy talap ediljekdigi bellenilýär. Munuň bolsa elektroulaglara islegi has-da artdyrmagyna garaşylýar.
Germaniýa 2030-njy ýyla çenli adaty ýangyçly ulaglary tapgyrlaýyn azaltmagy maksat edinýär. Ýurtda 2035-nji ýyla çenli elektrik energiýasy diňe gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden üpjün ediler.
Aýnagözel Şamyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.