Hytaýda iş alyp barýan “Pony.ai” atly şereket sürüjisiz ulaglarynyň taksiçilik hyzmatlaryny hödürlemegi üçin ygtyýarnama aldy. Şereket 100 sany sürüjisiz ulagynyň taksi hökmünde degişli rugsatnamanyň berlendigini mälim etdi. “Toyota” kompaniýasynyň goldaw berýän şereketi geçen ýyl Pekiniň belli bir böleginde bu hyzmaty hödürlemek üçin rugsat alypdy. Häzirki wagtda bazar nyrhy 8,5 milliard dollara ýeten kompaniýa geljek ýyldan başlap ýene iki şäherde bu hyzmaty ýola goýmagy maksat edinýär. Hytaýda sürüjisiz ulaglara rugsat berlen hem bolsa, hereket edýän düzgünlere görä, onuň sürüji oturgyjynda howpsuzlyk maksady bilen bir adam oturmaly. Ýurtda bu ugurda iş alyp barýan ululy-kiçili birnäçe şereket bar.
“AutoX” atly bir şereket köp ilatly şäherde synagdan geçirýär.
“Pony.ai” häzirki wagtda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda hem sürüjisiz ulaglary synagdan geçirýär.
Şeker Jepbarowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby