Türkiýeli meşhur aktýor, “Ýeşilçam”-yň ýyldyzy Jüneýt Arkyn 85 ýaşynyň içinde keselhanada ýürek ýetmezçiligi sebäpli aradan çykdy. 1937-nji ýylda Eskişehiriň bir obasynda dünýä inen aktýoryň hakyky ady Fahretdin Jüreklibatur bolup, ol 1963-nji ýylda şol wagtky “Artist” žurnalynyň geçiren kino aktýory bäsleşigine gatnaşýar we bu ýaryşda 1-nji orny eýeleýär. Istanbul uniwersitetiniň lukmançylyk bölümini tamamlan Jüneýt Arkyn harby gullukda mahaly ussat režissýor Halit Refig bilen tanyşýar. Şol tanyşlyk onuň durmuşyndaky iň esasy waka bolýar. Gullugy tamamlanyndan soň Refigiň “Ýat ildäki guşlar” filminde surata düşýär. Şondan soň ol türk kino sungatynyň ägirdi bolýar. Ilki-ilkiler romantik görnüşli filmlerde surata düşen aktýor soňlugy bilen uruşly, gahrymançylykly filmleriň ýyldyzyna öwrülýär. 300-e golaý filmde surata düşen Arkyn esasan hem Malkoçoglu, Kara Murat, Battal Gazi keşpleri bilen uly meşhurlyk gazanýar. Ol filmlerinde ählisinde diýen ýaly dýublýorsyz çykyş edýär. Ol “Magdan”, “Raýat Ryza”, “Kaka”, “Ýaraly gurt”, “Dünýäni halas eden adam” hem-de “Malkoçoglu”, “Battal Gazi”, “Kara Murat” ýaly filmleri ýatlanmaga has mynasypdyr.
Birnäçe filme režissýorlyk hem eden aktýor käbir seriallarda-da surata düşýär. Iki gezek öýlenen aktýoryň 3 çagasy bolup, olardan Murat Jüreklibatur kakasynyň kärini dowam etdirýär.