Ýaş ýa­zy­jy ze­nan Gu­zel Ýa­hi­na­nyň uly üs­tün­lik ga­za­nan “Zü­leý­ha gö­zü­ni aç­ýar” at­ly il­kin­ji ro­ma­ny ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa iş­gär­le­ri­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Rus te­le­ka­nal­la­ry­nyň bi­ri bu dra­ma­tik ro­ma­ny ek­ran­laş­dyr­ma­ga gi­riş­jek­di­gini mälim etdi. Ro­man­da baý-ku­lak diý­lip em­lä­gi al­nan we sür­gün edi­len ta­tar gy­zy­nyň yk­ba­ly ba­ra­da söh­bet açyl­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly bu ro­man ýurt­da iň köp sa­tyl­ýan ki­tap­la­ryň bi­ri bo­lup, eseriň awtory Rus­si­ýa­nyň baş mil­li baý­ra­gy “Bol­şaýa kni­ga” eýe bo­lup­dy. Ýa­hi­na­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, hä­zir “Zü­leý­ha­ny” köp san­ly da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ter­ji­me et­mek bo­ýun­ça gep­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär we ba­sym ol ta­tar di­li­ne hem ter­ji­me edi­ler.
Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly “Zü­leý­ha gö­zü­ni aç­ýar” ro­ma­ny üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da dün­ýä­niň 24 ýur­dun­da 16 di­le ter­ji­me edi­ler. Gu­zel Ýa­hi­na 1977-nji ýyl­da Ka­zan­da dün­ýä in­ýär. Ol Ka­zan döw­let pe­da­go­gik ins­ti­tu­ty­nyň da­şa­ry ýurt dil­leri fa­kul­te­ti­ni ta­mam­la­ýar. Ol bir­nä­çe ede­bi­ýat žur­nal­la­ryn­da çy­kyş ed­ýär.