Nýu-Ýor­kuň ki­tap ser­gi­si “Boo­kExpo”-de bel­li ýa­zy­jy Sti­wen King we og­ly Ouen ta­ra­pyn­dan ýa­zy­lan “Uku­da­ky gö­zel” ki­ta­by köpçülige hö­dür­le­ner. “Boo­kExpo” ki­tap ser­gi­si şu ýy­lyň maý aýyn­da ge­çi­ri­ler. Ser­gi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Bra­ýan Mak­do­nal­dyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, şu­nuň ýa­ly ser­gi­ler di­ňe bir ýazyjylaryň eser­le­ri bi­len ta­nyş bol­mak üçin däl, eý­sem, olar bi­len du­şu­şyklaryň geçirilýändigi köp­le­riň göw­nün­den tur­ýar. Onuň aýtmagyna gö­rä, bu ser­gä äleminde bo­lup geç­ýän wa­ka­lar ba­ra­da öz pi­kir­le­ri­ni paý­laş­jak bel­li aw­tor­lar ýyg­na­nar.
Şeý­le ser­gi­niň iň esa­sy ar­tyk­maç­ly­gy bol­sa, on­da Sti­wen Kin­giň og­ly bi­len bir­lik­de ýa­zan ki­ta­by­nyň hö­dür­len­me­gi­dir. Gu­ra­ma­çy­lar bu wa­ka­nyň ýa­zy­jy­nyň muş­dak­la­ry üçin ha­ky­ky sow­gat bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Çün­ki Sti­wen King eý­ýäm köp wagt­dan bä­ri muş­dak­la­ry­ny tä­ze ki­tap­la­ry bi­len şat­lan­dy­ra­nok. 69 ýaş­ly Sti­wen King 50-den gow­rak ro­man ne­şir et­di­rip, dür­li ýurt­la­ryň oky­jy­la­ry­nyň ha­ky­ky söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Onuň äh­li ro­man­la­ry az wag­tyň için­de 350 mil­li­on nus­ga bi­len sa­tyl­dy.