Angliýaly meşhur aýdymçy, telim gezek “Gremmi” baýragynyň eýesi Adel Adkins “gelejegiň rowaýaty aýdymçylary” atly sanawda (Top Music Legend of the Future) 1-nji ýeri eýeledi. 28 ýaşyndaky zenan geçirilen ses berlişikde 1-nji orna mynasyp bolup, ol sesleriň deň ýaryny almagy başardy. Sanawda “gremmili” başga bir aýdymçy zenan Beýonse Nowles 32 göterim ses bilen 2-nji orny eýeledi. 3-njilik basgançagynda Ed Şiranyň ady bar. Şeýle- de Leýdi GaGa, Robbi Williams, “Coldplay”, Rihanna, Teýlor Swift, Jastin Timberleýk we Bruno Mars dagy hem gelejegiň rowaýaty aýdymçylary sanawyna alnan beýleki aýdymçylardyr.