Malaýziýaly zenan Red Hon Ýi 20 müň sany günebakar çigidini ulanyp, hytaýly meşhur sungat işgäri Ai Weiweiniň portretini çekdi. Bu barada Red Hon Ýi: — Çigit islendik maşgalada bar bolan zat. Ol şol birwagtyň özünde- de köpler üçin özboluşly nyşanlaryň biri. Men hytaýly Ai Weiweiň bir sergide eden çykyşynyň täsirinde galdym. Şol sebäpli hem onuň suratyny ýasamagy makul bildim — diýdi.