Dünýäniň iň demirgazykdaky gury ýer bölegi hasaplanan Arktikadaky «Arwah adasy» aýsberg bolup çykdy. Ony bir ýyl mundan ozal Grenlandiýanyň demirgazyk kenarynda grenlandiýaly, daniýaly we şweýsariýaly barlag geçirijiler topary açypdy. «Qeqertaq Avannarleq» atly bu ada ýerli dilde «iň demirgazyk ada» diýmegi aňladýar. Onuň ululygy, takmynan, 30×60 metr. 2022-nji ýylda sebite täze ekspedisiýa ugrady. Oňa gatnaşyjylar GPS maglumatlaryny jemläp, buzuň galyňlygyny we deňziň çuňlugyny anyklamak üçin lazer skanerini peýdalandylar.
Barlaglar adanyň, hakykatda, deňziň düýbünde batyp galan uly aýsbergdigini görkezdi. Onuň bir wagtlar buzlugyň bir bölegi bolan bolmagy hem ähtimal. Aýsbergiň tekiz üsti ýer we daşlar bilen örtülipdir. Ýöne onuň süýşgüniň netijesinde ýüze çykan ýukajyk üstki gatlak bolmagy hem ähtimal.
Barlaglaryň netijeleri alymlara «arwah adalary» hadysasyna has oňat düşünmäge kömek etdi. Öňki ýyllarda Morris-Jessup burnundan demirgazykda birnäçe ada bellige alnypdy. Ýöne belli bir wagtdan soň olar ýitip gidýärdiler, şol sebäpli-de olara «arwah adalary» diýlip at berildi. Alymlar bu adalaryň hem birnäçe ýyllap durnukly ýagdaýyny saklan aýsbergler bolup biljekdigini bellediler. Häzirki wagtda tassyklanan iň demirgazykdaky gury ýer bölegi «Inuit Qeqertaat» adasy hasaplanýar.