“Peu­ge­ot-3008” ula­gy 2017-nji ýyl bo­ýun­ça Ýew­ro­pa­nyň iň go­wy aw­to­mo­bi­li hök­mün­de kes­git­len­di. Ýew­ro­pa se­bi­tin­de 1964-nji ýyl­dan bä­ri iri göw­rüm­li 7 sany aw­tou­lag žur­nal­y ta­ra­pyn­dan ýy­lyň iň go­wy aw­tou­la­gy­ny saý­la­mak bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ril­ýär. Bu ýyl­ky guralan bäs­le­şi­giň jem­le­ri Že­ne­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len iri aw­tou­lag ser­gi­si­niň öň­ ýa­nyn­da jem­len­di.
Şeý­le hem bu wa­ka­nyň yzy­sü­re “Peu­ge­ot-Cit­ro­en” kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň “Ge­ne­ral Mo­tors” şe­re­ke­ti­niň Ýew­ro­pa­da­ky “Opel/Vauxhall” şa­ham­ça­sy­ny sa­tyn al­dy.
– Bi­ziň kom­pa­ni­ýa­my­zyň ge­ri­mi gi­ňe­di. In­di tä­ze ba­zar­la­ryň göz­le­gi­ne çyk­ma­gyň wag­ty ýet­di. Bu bi­ziň üçin örän go­wy ha­bar – di­ýip, “Peu­ge­ot-Cit­ro­en” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji mü­di­ri Žan-Flipp Im­pa­ra­to gür­rüň ber­ýär.
Ge­çen ýy­lyň iň go­wy aw­tou­la­gy ha­sap­la­nan “Opel Ast­ra”-ny ön­dü­ren şe­re­ke­ti sa­tyn alan “Peu­ge­ot-Cit­ro­en” kom­pa­ni­ýa­sy Ýew­ro­pa ba­za­ryn­da “Volks­wa­gen”-den soň­ra aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de ikin­ji or­na geç­di.
Ger­ma­ni­ýa­nyň Rýus­sels­haým şä­he­rin­de ýer­leş­ýän “Opel”-iň za­wo­dy­nyň bu yla­la­şyk­dan göw­ni suw iç­di. Ang­li­ýa­nyň Els­mir-Por­te şä­he­rin­de “Opel” ulag­la­ry “Vauxhall” mar­ka­sy bi­len ön­dü­ril­ýär.
“Peu­ge­ot” kom­pa­ni­ýa­sy 5-nji ge­zek şeý­le ýo­ka­ry sy­la­ga my­na­syp bol­ýar. Onuň tä­ze “Peu­ge­ot-3008” ky­sym­ly ula­gy 319 ball top­lap, bi­rin­ji bol­dy. Ikin­ji or­ny “Al­fa Ro­meo Giu­lia”, üçün­ji or­ny bol­sa “Mercedes-Benz” ky­sym­ly aw­tou­la­gyň “E” klas­sy eýe­le­di. 2016-njy ýyl­da Ýew­ro­pa­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lan tä­ze 30 ulag gör­nü­şin­den bi­ri ýe­ňi­ji hök­mün­de saý­lan­dy. Fran­si­ýa­nyň dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu ula­gy­nyň kä­bir gör­nüş­le­ri 1969-njy, 1988-nji, 2002-nji hem-de 2014-nji ýyl­lar­da baş baý­ra­ga my­na­syp bo­lup­dy.