Ýewropa parlamentiniň wekili Jordan Bardella, “Milli bileleşik” partiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy. 2022-nji ýyldaky prezidentlik kampaniýasy başlamazdan öň bu partiýa Marin Le Peniň ýolbaşçylyk edýärdi. Le Pen “Milli bileleşigiň”  gurultaýynda partiýanyň içindäki ses berişligiň netijelerini yglan etdi.

Bardellanyň bu saýlawda ýeke-täk bäsdeşi Perpignanyň 53 ýaşly häkimi Lui Allody. Ol saýlawçylaryň umumy sanynyň bary-ýogy 15,16% sesini  aldy. Jemi 36,6 müň adam saýlawlara gatnaşdy.

Bardella häzirki saýlawlara partiýanyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde gatnaşdy. Oňa degişli wezipeler 2021-nji ýylyň iýulynda Milli birleşigiň öňki başlygy Marine Le Pen tarapyndan berildi. Ol bu kararyny 2022-nji ýyldaky Prezident saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky kampaniýa ünsi jemlemek islegi we syýasatçylaryň ýaş nesline pursat bermek islegi bilen düşündirdi.

Le Pen ikinji tapgyrda Emmanuel Makrondan ýeňlip, (58,55% – Makron, 41,45% – Le Pen) partiýanyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmajakdygyny mälim etdi we Fransiýanyň Milli Assambleýasyndaky (parlamentiň aşaky palatasy) Milli bileleşigiň fraksiýasyna ýolbaşçylyk edip, ýurduň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýändigini aýdypdy.

Bardella Sen-Denidäki Žan-Batist-de-La-Sal okuw mekdebinde ykdysadyýet we jemgyýetçilik ylymlary boýunça bakalawr derejesini aldy. Ýewropanyň ýaş deputaty syýasy karýerasyna 2012-nji ýylda Milli bileleşik partiýasynda başlap, üç ýyldan soň Sen-Sen-Deni etrabynda partiýa sekretary boldy. 2015-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli partiýanyň metbugat sekretary boldy. 2019-njy ýyldan bäri partiýanyň başlygynyň orunbasary bolup, şol ýyl Ýewropa Parlamentine geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazandy.