Hindistanyň Himaçal-Pradeş ştatynyň hökümet başlygyny saýlamak üçin saýlaw geçirildi. Ştatyň köp bölegi Gimalaý daglarynyň eteklerinde ýerleşýär. Administratiw sebitiň çäginde jemi 7 müň 884 saýlaw uçastogy döredildi. Ýurduň Tibete golaý ýerindäki Taşigang obasyndaky saýlaw uçastogy bolsa, deňiz derejesinden 4 müň 650 metre belentlikde ýerleşip, dünýäniň iň beýikdäki saýlaw uçastogy boldy. Bu ýerde bary-ýogy 52 saýlawçynyň bardygy mälim edildi.

Ştatyň deputatlary ýurduň parlamentinde 68 orny eýelär. Bu orunlar üçin sebitden jemi 412 dalaşgär gatnaşdy. Ştatda geçirilen saýlawyň netijeleriniň 8-nji dekabrda mälim ediljekdigi aýdyldy.