Nigeriýada howanyň üýtgemegine gary göreşmäge ýaşlary çekmek maksady bilen “Ýaşlar we howanyň üýtgemegi” atly taslama badalga berildi. Ýurduň ýaşlar we sport ministri Sundaý Dare Nigeriýanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlara bil baglaýandyklaryny aýdýar. Ministr täze maksatnamanyň çäklerinde 250 müň nahal ekilmegine garaşylýandygy mälim etdi. Howanyň üýtgemeginiň iň köp täsir edýän ýurtlarynyň biri bolan Afrika ýurduňda guraklygyň we çölleşmäniň azaldylmagy üçin soňky ýyllarda köp taslama durmuşa geçirilýär.