Dünýäniň iň öňdebaryjy kino festiwallaryndan Kann film festiwalynyň bu ýyl 70-njisi geçiriler. Golaýda ýubileý ýylynda bu uly kino şüweleňinde haýsy filmleriň baş baýraga dalaşgär boljakdygy mälim edildi. 17–28-nji maý aralygynda geçiriljek festiwalda “Altyn palma” we beýleki baýraklar ugrunda jemi 18 kino dalaşgärlige hödürlendi. Fransiýaly Arno Depleşeniň “Ismaeliň arwahlary” filmi bilen açyljak festiwalda eminler toparyna ispaniýaly tanymal režissýor Pedro Almodowar ýolbaşçylyk eder. Eminleriň doly sanawy öňümizdäki günlerde belli bolup, oňa häzirlikçe amerikaly aktrisa Jessika Çasteýniň saýlanandygy habar berildi. 12 günläp dowam etjek festiwalyň açylyş hem-de jemleýji dabaralaryny italiýaly meşhur aktrisa Monika Belluççi alyp barar.
“Altyn palma” dalaşgär filmler: “Solgun” (In the Fade) – rež. Fatih Akyn, “Maýrowisiň hekaýalary” (The Meyerowitz Stories) – Noa Baumbak, “Okja” (Okja) – Pon Çžun-ho, “Minutda 120 urgy” (120 battements par minute) – Robin Kampillo, “Ýowuz meýil” (The Beguiled) – Sofiýa Koppola, “Rodin” (Rodin) – Žak Duaýon, “Şowly soň” (Happy End) – Mihael Haneke, “Ikiýüzli söýgüli” (L’amant double) – Fransua Ozon, “Haýran galdyryjy” (Wonderstuck) – Todd Haýnes, “Gaýduwsyz” (Le Redoutable) – Mişel Hazanawiçus, “Indiki gün” (The Day After) – Hon San-su, “Ýalkym” (Radiance) – Naomi Kawase, “Mukaddes keýigiň öldürilmegi” (The Killing of a Sacred Deer) – Ýorgos Lantimos, “Mylaýym” (A Gentle Creature) – Sergeý Loznisa, “Ýupiteriň Aýy” (Jupiter’s Moon) – Kornel Mundruso, “Sen bu ýerde hiç haçan hem bolmadyň” (You Were Never Really Her) – Linn Remsi, “Söýgüsiz” (Loveless) – Andreý Zwýaginsew, “Hoş wagt” (Good Time) – Joşua we Ben Safdie.