Ki­no dün­ýä­si­niň ägir­di ha­sap­lan­ýan, ro­wa­ýa­ty re­žiss­ýor, akt­ýor, sse­na­ri­çi Çar­li Çap­li­niň dog­lan gü­nüniň 128 ýyllygy uly da­ba­ra bi­len bel­le­ni­lip ge­çil­di. Şweý­sa­ri­ýa­da gu­ra­lan bu çä­re­de aktýoryň muşdaklaryndan 662 adam Çar­li Çap­li­niň jan­lan­dy­ran meş­hur keş­bi, eli ha­sa­ly, kel­le­si şlýa­pa­ly, murt­ly gah­ry­man – ser­gez­da­nyň keşbine girdi. Şun­luk­da, 662 ada­myň bir­wagt­da sergezdanyň keş­bi­ne gir­me­gi dün­ýä re­kor­dy­na deň bol­dy. Çar­li Çap­li­niň ady­ny gö­ter­ýän mu­zeý ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len da­ba­ra onuň og­ly Eu­jin Çap­lin hem gat­naş­dy. Ge­çen ýyl açy­lan mu­ze­ýe hä­zi­re çen­li 300 müň­den gow­rak jahankeşde geldi. 1889-njy ýy­lyň 16-njy ap­re­lin­de dün­ýä inen iň­lis ki­ne­ma­tog­ra­fy 1977-nji ýy­lyň 25-nji de­kab­ryn­da Şweý­sa­ri­ýa­da ara­dan çyk­dy. Akt­ýor, re­žiss­ýor, sse­na­ri­çi, mon­taž­çy, kom­po­zi­tor hem-de prod­ýu­ser Çar­li Çap­lin 80 ýy­la go­laý zäh­met ýo­lun­da il­ha­lar en­çe­me fil­mi su­ra­ta dü­şür­di.