Hytaý bilen Braziliýa ikitaraplaýyn söwdada milli pul birliklerini ulanmak üçin ylalaşyk gazandy. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 150 milliard dollardan geçýär. Täze ylalaşygyň güýje girmegi bilen dünýäniň iň uly ikinji ykdysadyýeti bolan Hytaý bilen Breziliýa ýuan hem-de real pul birligini ulanar.
Bu barada Braziliýanyň hökümeti mälim etdi. Iki ýurt milli pul birliklerini ulanmak arkaly çykdajylary azaltmagy maksat edinýär.
Soňky ýyllarda Hytaý halkara söwdada ýuanyň ulanylyşyny artdyrýar. Geçen ýyl Russiýa bilen energiýa söwdasynda ýuan ulanylmagy barada ylalaşylypdy.
Halkara pul gaznasynyň maglumatyna görä, dünýädäki merkezi banklaryň gaznalarynyň 60 göterimini amerikan dollary emele getirýär.
Gülşirin Mämmetgulyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









