Ukrainanyň paýtgaty Kiýewde geçirilen 62-nji Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde portugaliýaly Salwador Sobral ýeňiji boldy. 27 ýaşly aýdymçynyň ýerine ýetiren “Amar Pelos Dois” atly aýdymy eminlerden 382, telegörüjilerdenem 376, jemi 758 utuk alyp, 1-nji orny eýeledi. Teleýaýlym arkaly ses berlişikde portugaliýaly aýdymçy 12 ýurtdan, şeýle hem 18 döwletiň eminler toparyndan iň ýokary utugy (12) aldy. Şeýlelikde, 1956-njy ýylda başlanan Ýewrowideniýe aýdym-saz ýaryşynda 1964-nji ýyldan soň, gatnaşyp ugran Portugaliýa ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Portugaliýa Ýewrowideniýede ýeňiji bolan 27-nji ýurt bolup, “Amar Pelos Dois” atly aýdym portugal dilinde göçme kubogy eýelän ilkinji aýdymdyr. Portugalça bu bäsleşikde ýeňiş gazanan 15-nji dil hökmünde bellenildi.
44 ýurduň wekiliniň gatnaşan 62-nji Ýewrowideniýede 2-nji orna bolgariýaly Kristian Kostow, 3-nji ýere-de moldowaly “SunStroke Project” atly topar mynasyp boldy. Kostowyň ýerine ýetiren “Beautiful Mess” aýdymy 615, “SunStroke Project” toparynyň-da “Hey, Mamma!” aýdymy 374 utuk toplady. Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigi geljek ýyl Portugaliýada geçiriler.