“Volvo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hakan Samuelsson täze dizel hereketlendirijileri işläp düzmeklerini bes etjekdiklerini aýtdy. Ol mundan beýläk elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň önümçiligine has köp üns berjekdiklerini habar berdi. Şeýle hem Samuelsson “Tesla” kompaniýasynyň elektroulaglara islegi artdyrmaga goşant goşandygyna ünsi çekdi. Şwed kompaniýasy 35-40 müň dollardan satyljak ilkinji elektrokarlaryny 2019-njy ýylda satuwa çykarmagy maksat edinýär. Meýilnama laýyklykda bu ulaglar Hytaýda öndüriler we dünýäniň beýleki ýurtlaryna eksport ediler. Mundan başga-da kompaniýa täze gibrid ulaglaryny hem işläp taýýarlar. Samuelsson benzin we dizel hereketlendirijili ulaglaryna hem islegiň artjakdygyny, emma 2020-nji ýyldan başlap, elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendirijilere zerurlygyň ýokary boljakdygyny aýdýar.
Samuelsson häzirki wagtda Ýewropa bazaryndaky hereketlendirijileriň 50 göteriminiň dizeldigine ünsi çekip, 2023-nji ýyldan soňra şeýle motorlary öndürmegi tutuşlygyna bes etjekdiklerini ýaňzytdy. “Volvo” kompaniýasynyň ýolbaşçylary 2025-nji ýyla çenli 1 million elektrokar öndürmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.