Gadyrly çagalar! Möwsümleýin dynç alyş döwri, siziň üçin täze okuw ýylyna güýç toplamak, ukyplaryňyzy ösdürmek, medeni çärelere gatnaşyp, beden, ruhy taýdan dynç alyp, kämilleşmek üçin bir pursatdyr. Gowy dynç alan çagalar, täze okuw ýylynda has-da gowy okamaga höwesli bolýar.
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alyş we sagaldyş merkezlerine gitmegi örän peýdalydyr. Bu olaryň özüne ynamynyň güýçlenmegine, deň-duşlary bilen gatnaşyklarda ukyplarynyň ösmegine we kämilleşmegine täsir edýär.
Biz öýdekäk ene-atalarymyz, doganlarymyz we jigilerimiz bilen bir işe meşgullanmagy halaýarys. Olar bilen bilelikde wagt geçirmek biziň üçin has gyzykly. Bu gatnaşyklarymyz birek-birege sylag–hormaty artdyrýar.
MEÝILNAMA DÜZMEK
Öňümizdäki üç aýlyk dynç alyşda oňat meýilnama taýýarlap, şoňa görä, wagtymyzy peýdaly geçirsek, möwsümi netijeli geçirdigimiz bolar. Ynha size birnäçe mysal:
• Dynç alyş meýilnamada gezelenç ediljek ýerleri, myhmançylyga gitjek garyndaşlaryňyzy hem-de derse taýýarlanmak wagtlaryny belli ediň!
• Öňüňizde belli bir maksat goýmaly. Ýetişigiňiziň pes bolan dersleri gaýtalamagy we hünärler boýunça höweslenýän ugurlaryňyza taýýarlanmagy belli bir wagta sygdyryň!
• Höwes edýän ugurlaryňyza görä ukybyňyzy artdyrmak üçin sport çärelerine gatnaşyň.
• Dynç alyş möwsüminde haýsy-da bolsa, bir synaga taýýarlanýan bolsaňyz, gerekli ähli şertlere üns beriň.
• Gezen ýerleriňizi, gatnaşan medeni çäreleriňizi surata düşürmegi, olar barada bellik etmegi unutmaň! Täze okuw ýylynda deň-duşlaryňyz bilen bu maglumatlary synp içinde paýlaşsaňyz, has-da täsirli bolar.
• Bu möwsümde tutan gündeligiňiz, dynç alyş möwsüminiň nähili geçendigini bahalandyrmakda size kömek eder. Bu geljek ýyldaky dynç alyş möwsümleri üçin peýdaly bolar.
Düzen meýilnamaňyzy ýerine ýetirjek boluň. Bu bolsa maksadyňyza ýetmäge kömek eder.
Gülnabat SAPAROWA,
Aşgabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň mugallymy.