Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerini, onuň alys künjeklerini gurşap alan toplumlaýyn hem-de giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Biz bu özgerişlikleriň ajaýyp miwelerini her bir ädimde görýäris. Ýakynda milli Liderimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasyndan gelip gowşan we halkymyzy buýsandyran hoş habar aýdyldy. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 19-njy aprelde geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanandygy aýdyldy. Bu bolsa, Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň dünýäde uly goldaw tapýandygynyň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda milli ýörelgelere laýyklykda, zenanlarymyz döwlet derejesinde uly hormata we sarpa mynasyp görülýär. Täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň işjeň, milletiň belent ruhy gymmatlyklaryny, parasatly däp-dessurlaryny we adatlaryny aýawly saklaýan işeňňir zenanlar döwletiň we jemgyýetiň işlerine giňden gatnaşýarlar. Olar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar.
Enelik we çagalyk barada alada etmek, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, türkmen aýal-gyzlarynyň döredijilik we aň-düşünjelerini has-da ösdürmek, zenanlaryň hukuklaryny we mertebesini goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak boýunça kanunçylyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan anyk işler, olaryň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, çagalaryň döwrebap ösdürilmegi, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan kömek berilmegi we başga-da birgiden çäreler munuň aýdyň mysaly bolup biler.
Zenanlar bu günki gün Garaşsyz döwletimiziň ösüşlerine uly goşant goşmak bilen, özleriniň ukyp-başarnyklaryny halal zähmetlerine siňdirýärler. Türkmenistanly gelin-gyzlar dürli pudaklarda zähmet çekýärler, dünýäde barha rowaçlanýan döwletimiziň üstünliklerine öz goşantlaryny goşmak bilen, işjeňliklerini görkezýärler.
Enelerimiziň ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekdäki, dürli pudaklarda, edaradyr kärhanalarda zähmet çekip, gazanýan üstünlikleri döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Il içinde hormatly enelerimiziň Ýaşulularyň maslahatyna, jemgyýetçilik guramalarynyň işine, dürli terbiýeçilik hem-de döwlet derejesindäki baýramçylyk çärelerine gatnaşyp, ýaşlara görelde görkezmekleri ýaşlar üçin hem nusgalyk ýörelgedir.
Ýurdumyzda zenan mertebesiniň şeýle belent tutulmagy bagtyýar durmuşyň berkarar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr. Bagtyýar durmuşyň bar ýerinde rahatlyk, asudalyk, agzybirlik, döredijilik höküm sürýär. Ýaşaýyş-durmuş maksatly mümkinçilikleriň, şertleriň döredilmegi türkmen raýatlarynyň, mertebeli zenan maşgalalaryň başyny göge ýetirýär. Köp çagany ösdürip kemala getirmek, her bir çaganyň durmuşdaky ornuny kesgitlemäge kömek bermek, ilki bilen ene-atanyň baş wezipesi bolup durýar. Döwletimiziň maşgala bilen bagly meselelerde uly goldawy öz üstüne almagy, sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň berilmegi jemgyýetiň has-da kämilleşmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär.
“Sagdyn adam – bu sagdyn maşgaladyr, sagdyn maşgala bolsa, sagdyn jemgyýetiň ülüşidir” diýýän mähriban Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda paýtagtymyzda we ähli welaýatlarymyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän saglyk merkezleriniň, enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy klinikalaryň, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň ählisi hem il-günümiz üçin döredilýän şertleriň we edilýän irginsiz aladalaryň aýdyň netijesi bolup durýar. Hut şonuň üçin bu gün mähriban Arkadagymyzyň adyna eneleriň adyndan alkyşlar ýagyp dur. Bu gün türkmen zenanlary özlerini iň bagtyýar ynsanlar hasaplaýarlar.
Ýurdumyzda enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler ýurtda zenanlarymyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Hut şonuň netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň durkuna deňelýän enelerimiz, abraý-mertebeli zenanlarymyz, edepli-ekramly uýalarymyz bagtyýarlyk aýdymyny aýdyp, mähriban Arkadagymyzy alkyşlaýarlar.
Gülşirin Agaýewa,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň mugallymy.