Bu günki guwandyryjy ösüşdir özgertmeleriň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýan öňdengörüjilikli syýasaty bar. Bu bolsa, türkmen halkynyň milli medeni däplerini, ahlak-terbiýeçilik tejribelerini – watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk duýgularyny mundan beýläk-de giňden ösdürmäge, bu ugurda milletara medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, medeni, aň-bilim, ylym, çeper höwesjeňlik düzümini barha giňeltmäge giň mümkinçilikler döredýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji maýda geçirilen giňişleýin mejlisinde parahorlugyň, korrupsiýanyň jemgyýetçilik durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýändigini, şeýle hereket edýänleriň jogapkärçilige çekiljekdigini nygtap bellemegi halkymyzda uly gollanma eýe boldy.
Milli Liderimiz Watan bähbidiniň ähli zatdan ýokary bolmalydygyny aýdyp, pederlerimiziň “Baýlyk malyň köplüginde däl, göwnüň doklugynda” ýaly halal ýaşamak hakyndaky nakyllaryny mysal getirmek bilen päk, arassa, halal zähmet çekip ýaşamak ýörelgeleri barada belläp geçdi.
Ýaş nesli ata-babalaryň ruhuna, milli edep ýörelgelerine ygrarly edip terbiýelemek jemgyýetçilik ösüşiniň ähli döwürlerinde baş wezipesi bolupdyr. Dürli döwürlerde ýaşap geçen dünýäniň tanymal syýasatçylary, belli akyldarlary, şahyrlary, meşhur medeniýet, sungat ussatlary, bilim işgärleri, alymlary bu meselä häli-şindi ýüzlenipdirler. Nowaýy, Fizuly, Andalyp, Azady, Magtymguly, Gaýyby, Şeýdaýy, Şabende, Seýdidir Zelili, Keminedir Mollanepes ýaly beýik söz ussatlary adamlary adalatlylyga, halallyga, ýagşylyga, päk ahlaklylyga çagyrypdyrlar. “Gorkut ata” eposy Gorkut atanyň aýdan alkyş-dilegleri, öwüt-nesihatlary, parasatly sözleri bilen başlanýar:
Bir ýigidiň Garadag ýumrusyça maly olsa,
Ýygar, düýrer, talab eýlär.
Nesibinden artugyn iýe bilmez.
Ulaşuban suwlar taşsa, deňiz tolmaz,
Tekebbirlik eýleýeni Taňry sewmez.
Köňlün ýuja tutan ärde döwlet olmaz.
Bu öwütler entek çagalyk döwrümizden gulaga guýlup, halal, arassa, päli pes bolup ýaşamalydygyny öwredýär.
Magtymguly atamyzyň:
Magtymguly, haram işe baş goýsaň,
Müň gün aç bolar sen, bir güni doýsaň
– ýaly setirleri dillere senadyr öwüt bolup, hiç wagt öz gymmatyny ýitirmeýän pikirlerdir.
Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizde nebsine haý diýmän, haram gazanja gözlerini gyzdyran adamlara orun ýokdugy, korrupsiýany aradan aýyrmalydygy hakyndaky berk talaby raýatlarymyzda çuňňur kanagatlanma döretdi. Milli Liderimiziň kitaplarydyr ylmy işleri, mejlislerde, duşuşyklarda edýän çykyşlary mähriban Diýarymyzy ösdürmek, il-günümiziň durmuş ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýaş nesli mynasyp ertirlere atarmak aladasyna ýugrulandyr. Bu eserleriň, çykyşlaryň ýaşlara bilim bermekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” atly romanlary döwrümiziň wajyp edebi hadysasy boldy.
Döwür-döwran asuda günlere beslenip geçip dur. Şu döwürde zähmet çekýän adam hor bolanok. Ussaçylyk edip, daşary ýurt mebelleri bilen bäsleşýän enjamlary öndürýän ýigitleriň, on barmaklary bilen sungat işlerini döredýän çeper gyz-gelinleriň, ýer alyp, zer öndürýän daýhanlaryň… halal zähmetden rähnet tapyşlaryny göreniňde, göwnüň dokunýar. Haýsy bazara barsaň, dürli-dümen näz-nygmatlar, öz topragymyzda bitýän ir-iýmişler bilen bir hatarda duran çet ýurtlarda ýetişdirilýän del miweler, matalaryň her tüýslüsi, garaz, göwün islän zadyň bar. Täze, ähli amatly şertleri bolan binalarda okap, işläp, ýaşap ýörüs. Dynç almak üçin serhowuzly çar baglar, salkyn howaly dag jülgesinde gurlan dynç alyş öýleri bar. Suwda ýüzjekmi, howuzlara bar, daga çykjakmy, Saglyk ýoly, Buzly köşk, …, garaz, döwletimizde adam üçin edilýän aladalaryň sanasaň sogaby bar.
Biz, ýaşuly nesliň wekilleri ata-baba dowamat-dowam bolup gelýän ýörelgelerimizi, halallyga çagyrýan, haramy ýazgarýan ündewlerimizi ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge, görüm-görelde görkezmäge borçludyrys. Biziň wezipämiz bolsa, ýurduň ähli raýatynyň aladasy bilen dem alýan hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň manysyny ýaş nesle düşündirip, olarda Watana, il-güne söýgini terbiýelemekden hem döwrebap bilim bermekden ybaratdyr.
Magtymguly atamyzda: “Ýagşy oguldan rähnet arygy akar” diýen ajaýyp setir bar. Biz – mugallymlar jemgyýetimizde kämil ruhy ýörelgeleri bina edip, olary ýaşlarymyzyň aňyna ýetirip, halkymyzy beýik ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza mynasyp kömekçiler bolmalydyrys!
Gambarguly Ýalkamyşow,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.