Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesiller hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. “Çagalara aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir” diýmek bilen, milli Liderimiz körpe nesilleriň her bir maşgalada durnukly ösüp ulalmagy, zamanabap ýaşlar bolup ýetişmegi üçin düýpli işleri durmuşa geçirýär. Gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap orta we sport mekdepleriniň, çagalar baglarydyr sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurulmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji aprelinde geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda tomus möwsüminiň ýetip gelýändigini belläp, ýurdumyzyň ähli sagaldyş merkezlerini dynç alyş möwsümine talabalaýyk taýýarlamalydygyny degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzyň bilim işgärlerine gojaman Köpetdagyň sergin jülgelerindäki, Hazaryň sapaly kenarlaryndaky dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ösüp gelýän ýaş nesiller bilen terbiýeçilik işlerini ýokary derejede guramagyň zerurdygyny nygtady.
Sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň wagtyny hoş geçirmegi, saglygyny berkidip, ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin gyzykly meýilnamalar tassyk edilýär. Dynç alyş möwsüminiň dowamynda merkezlerde guralýan dürli medeni çäreler, sport ýaryşlary, edebi agşamlar, dürli mazmunly ýaryşlar körpelerde öz wagtlaryny peýdaly geçirmeklige bolan islegi artdyrýar. Düzülen meýilnama laýyklykda, geçirilýän şeýle çäreler çagalaryň başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi körpeleriň arasynda surat çekmek, sport ýaryşlaryny geçirmek, goşgy okamak, aýdym aýtmak, tans etmek boýunça bäsleşikleri guraýar. Dag jülgelerine, Janly tebigatyň milli muzeýine guralýan gyzykly gezelençler dynç alyşda bolýan bagtyýar körpelerde ýatdan çykmajak täsirleri oýarýar. Dynç alyş günleriniň sapaly agşamlarynda bolsa, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň lybasyndaky artistler, ýurdumyzyň estrada aýdymçylary çykyş edip, çagalaryň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna ýol açýarlar.
Bagtyýar körpelerimiziň Arkadag Prezidentimiziň atalyk aladalaryna okuwda, sportda uly üstünlikler gazanmak bilen jogap bermäge çalyşýandyklaryny hem bellemelidiris. Zehinli mekdep okuwçylarymyz şu ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda halkara ders bäsleşiklerinde 45 medal – 5 altyn, 19 kümüş, 21 bürünç medal gazanmagy, internet bäsleşiginde 10 medal gazanmagy başardylar. Golaýda paýtagtymyzyň “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçylary B. Paşşyýew, Z. Saparow, G. Çaryýew, D. Jumalakow dagy Türkiýäniň Stambul şäherinde erkin göreş boýunça geçirilen ýaryşa, şol mekdebiň okuwçylary A. Bäşimow, Ý. Ysmaýylow dagy Özbegistan Respublikasynyň Çyrçyk şäherinde dzýudo boýunça Aziýanyň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşa gatnaşmak bilen altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular.
Ýeri gelende hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gözel künjeklerinde her ýylda dünýä ýurtlarynyň çagalarynyň dynç almagy üçin hem giň mümkinçilikleri döredýändigini bellemelidiris. Muňa dürli ýyllarda Gaitiniň, Ukrainanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň çagalarynyň Awazanyň ekologiýa taýdan arassa, jana şypaly kenarynda dynç alandyklary aýdyň mysaldyr. Ýaňy-ýakynda bolsa, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde Özbegistanyň dürli sebitlerinden – Garagalpagystandan hem-de Buhara, Nowaýy, Horezm welaýatlaryndan çagalaryň 100-e golaýy “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde dynç almaga mümkinçilik aldy. Doganlyk ýurtdan gelen çagalaryň deňiz dynç alyş merkezinde wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
Arkadag Prezidentimiziň diňe bir öz ýurdumyzyň däl, eýsem-de bolsa, dünýäniň çagalary hakda-da düýpli alada edýändigine ýaňy-ýakynda Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom-çäk birliginde ýurdumyzyň “Baýly gurluşyk” kärhanasynyň gurmagynda 160 orunlyk “Dostluk” çagalar bagynyň obalylara sowgat berlenligi hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Bagtyýar halkymyz her ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Çagalary goramagyň halkara gününi uly dabara bilen belläp geçýär. Bu şanly sene ýurdumyzda geljegimiz bolan bagtyýar çagalara uly sarpa goýulýandygyny beýan edýär. Goý, bagtyýar körpelere bagtly durmuşy bagyş eden eziz Arkadagymyzyň jany sag, belent başy hemişe aman bolsun!
Begenç Halbaýew,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni.