Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň belent ösüşleriň ýolunda gazanýan üstünliklerini, ýetýän belent sepgitlerini bütin dünýä ykrar edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, dokma senagaty pudagy hem ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar. Milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak bilen dünýä ykdysadyýetine goşulmagy ugur edinýän senagat syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, eksport ugruny nazarlaýan we dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümçiligi alyp barýan dokma senagatymyz öz ösüşini depginli, döwrüň talaplaryna laýyk dowam etdirýär. Häzirki döwürde iň täze tehnologiýaly önümçiligi özünde jemleýän bu pudagyň önümçilik kuwwaty Gahryman Arkadagymyzyň ýardam bermegi netijesinde, yzygiderli artýar. Gözel Diýarymyzyň paýtagtynda, obalarynda, şäherleridir etrap merkezlerinde dokma fabrikleriniň işe girizilmegi dokma senagatynyň ösüşine, iş orunlarynyň artmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň dokma pudagynyň enjamlaýyn binýadynyň ýyl-ýyldan ýokarlanmagy bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Muňa mysal hökmünde ýurdumyzyň dokma pudagynda Italiýanyň “Marzoli”, “Savio”, “Loptex”, “Canalair “, “MCS”, “Itema”, Şweýsariýanyň “Uster”, “Luwa”, “Rieter AG”, Germaniýanyň “Truetzschler”, “Saurer Schlafhorst”, “Volkmann”, Belgiýanyň “Picanol”, “Wan de Wiele” ýaly dünýä belli firmalarynyň iň döwrebap enjamlarynyň işe girizilendigini ýatlap geçmek bolar.
Bu günki gün Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleri diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem-de bolsa, bütin dünýäde iň islegli harytlaryň biri bolup durýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň ähli ulgamlarydyr pudaklarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna mynasyp taýýarlyk görmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň dünýä derejesindäki bu forumy guramaçylykly geçirmek babatda edýän talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary uly işleri alyp barýarlar. Bu ugurda Türkmenbaşy dokma toplumy, Türkmenbaşy jins toplumy, Aşgabat dokma toplumy, Ruhabat dokma toplumy Aziada–2017 mynasybetli dürli önümleri halka hödürleýär. Şeýle işler “Bahar” we “Ahal” önümçilik düzümleriniň işgärleriniň tikýän sport egin-eşikleri, ýantorbalarynyň nusgalary, “Galkan” aýakgap fabriginiň işgärleriniň taýýarlaýan dürli reňkdäki ýeňil, oňaýly sport aýakgaplarynyň nusgalary halkyň ösen islegini kanagatlandyrýar. Bu önümleri alyjylar paýtagtymyzyň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň dükanlaryndan we beýleki dürli dükanlardan alyp bilýärler. Dürli görnüşli harytlar Aziada-2017-niň oýunlarynyň sanawyna girizilen oýun görnüşleriniň şekillerini özünde jemleýär.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna dünýäniň çar künjeginden sportsöýüjileriň müňlerçesiniň gelmegine garaşylýar. Bu ýagdaý göz öňünde tutulyp, dokma senagatynyň işgärleri Aziada-2017-niň oýunlarynyň sanawyna girizilen oýun görnüşleriniň şekilleri ýerleşdirilen sowgatlyk harytlary – taýýar trikotaž, dokma we sütükli önümler, ýorgan, düşek daşy toplumlary, ululy-kiçili sport egin-eşikleri, dürli geýimleri alyjylara hödürleýärler.
Ýeri gelende aýtsak, kärhanalarda Aziada–2017-ä dahyly bolan ähli işgärleriň – oýunlaryň eminleriniň, saglyk ulgamynyň wekilleriniň, doping barlagyny geçirjek hünärmenleriň, meýletinçileriň, ýörite türgenler toparynyň, uçar beletleriň, foto hem-de telereportýorlaryň, daşary ýurt myhmanlara ýol görkezijileriň, aşhanadyr naharhanalarda hyzmat etjekleriň ýörite egin-eşikleriniň, aýakgaplarynyň, ýantorbalarynyň dürli görnüşleri taýýarlanyldy.
Milli Liderimiziň bu ugry ýokary ösüşlere ýetirmek üçin ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmäge hem giň mümkinçilikleri döredýär. Çünki ýüpekçilik senedi asyrlaryň dowamynda ýurdumyzda uly ösüş ýoluny geçipdir. Şeýlelikde, dünýä ýüzünde ýokary hilli, türkmen güneşiniň nury siňen pileden alnan berk we owadan ýüpekleri öndürýän ýurt hökmünde bütin dünýä belli bolupdyr. Bu günki gün bu işler täze döwre kybapdaşlykda mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi geljekde ýurdumyzda gözelligi bilen dünýäni özüne bendi eden halylarymyzyň we haly önümlerimiziň, dürli parçalarymyzyň, lybaslarymyzyň öndürilişiniň has-da ýaýbaňlanmagyna uly ýardam edýär.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary türkmen dokmaçylarynyň şeýle ajaýyp önümlerini iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde dabaraly bellenilip geçilýän Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän “Dokma-2017” atly halkara sergisinde synlap bilerler.
Mähriban Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen mejlisinde ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan dokma pudagynyň ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Ine bu aýdylanlar türkmen dokmaçylarynyň halal zähmet çekip, uly ösüşleri gazanmagyň aýdyň ýoluna düşendiklerine anyk şaýatlyk edýär.
Goý, eziz Arkadagymyzyň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we berkarar döwletimiziň ähli senagat pudaklary bilen bir hatarda dokma senagaty pudagyny hem kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleri geljekde-de uly rowaçlyklara beslensin!
Aýyt Annaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.