Berkarar döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek günleriniň ýakynlaşmagy bilen dünýä ýaň saljak bu uly sport çäresine görülýän taýýarlyk işleri gün-günden ýygjamlaşýar.
Paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde bina edilen 40-dan gowrak dürli desgany, şol sanda ýaşaýyş-durmuş, ulag we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýan Olimpiýa şäherjigimiz bu gün görenleri haýrana goýýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňkülere görä tapawutlydygyny hem bellemelidiris. Çünki Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagy bilen, bu gezekki ýaryşa türgenlerini ýollaýan ýurtlaryň sany 62-ä ýetdi. Galyberse-de, hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen Aziada-2017-niň oýunlarynyň Sport meýilnamasyna ozal ylalaşylan 19 sany görnüşine goşmaça türkmen milli göreşi bilen atly sportuň päsgelçiliklerden bökmek (konkur) görnüşi girizildi.
Aziada-2017 ýurdumyz üçin uly taryhy waka bolar hem-de Türkmenistanda geçiriljek ilkinji uly göwrümli, köpugurly sport çäreleriniň birine öwrüler. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň gidişinde ýurdumyzda sport ulgamyny häzirki belent derejelerine ýetirmek babatda ägirt uly işler amala aşyryldy. Gözel paýtagtymyzda, gojaman Hazaryň jana şypaly “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, welaýat, etrap merkezlerimizde, şäherlerimizde, şäherçelerimizde, obalarymyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýüzlerçe sport desgalary, sport mekdepleri, toplumlary, stadionlar, aýlawlar, saglyk ýodalary… ulanylmaga berildi.
Ine, şu ajaýyp ýagdaý hem türkmen türgenleriniň soňky ýyllarda geçirilýän Aziýa we dünýä çempionatlaryna şeýle-de sebitiň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary derejeli baýrakly orunlara mynasyp bolmagyna getirdi. Diňe şu ýylyň dört aýynda türgenlerimiziň şeýle ýaryşlara gatnaşyp, 342 medal gazanandyklaryny, munuň hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 2,5 esse ýokarydygyny aýtsak, ýurdumyzda sportuň gün-günden pajarlap ösýändigini ýene-de bir gezek nygtadygymyz bolar.
Geçen aýda paýtagtymyzda kikboksing we agyr atletika boýunça Aziýa çempionatlary, şeýle-de suwda ýüzmek boýunça sebit derejeli ýaryşlarda türkmen türgenleriniň 96 (30 altyn, 32 kümüş, 34 bürünç) medal gazanmaklary olaryň Aziada-2017-ä oňat taýýarlykly barýandyklaryna anyk şaýatlyk edýär.
Bu ýaryşlarda ildeş türgenlerimiz kikboksingçi Farida Kutlumyradowanyň, ştangaçy Hojamuhmmet Toýçyýewiň, kikboksing sportunyň ussady Rüstem Annaorazowyň altyn medala, suwda ýüzüji Merdan Ataýewiň 2 altyn medala mynasyp bolmagy bizi diýseň begendirdi.
Bizde eýýäm dünýä, yklym boýunça adygan türgenlerem bar. Golaýda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde açilhara-karate boýunça geçirilen ýaryşa dünýäniň 15 ýurdundan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Bu ýaryşda biziň toparymyzyň düzüminde altyn medala mynasyp bolan türgenimiz Farhat Jumaýew iň ýokary netijäni görkezdi. Ussat türgenlerimiz Muhammet Nurgeldiýew kümüş, Mähri Hajyýewa bürünç medala mynasyp boldy. Golaýda Rumyniýanyň Ýassi şäherinde Bütindünýä Küşt Federasiýasynyň (FIDE) ýyllyk meýilnamasy esasynda we howandarlyk etmeginde ýaşlaryň arasynda ýylda iki gezek geçirilýän dünýä çempionatynda 12 ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda çykyş eden Azat Nurmämmedow kümüş medal gazanmagy başardy. Golaýda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda bolup geçen IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda ildeşlerimiz Polina Gurýewanyň, Gülnabat Kadyrowanyň ýokary derejeli medallara eýe bolmaklary, türgenlerimiziň jemi 11 medal (2 altyn, 4 kümüş, 5 bürünç) medal gazanmaklary olaryň geljekki ýaryşlarda-da şeýle uly üstünliklere eýe bolmaga uly taýýarlyk görjekdiklerine güwä geçýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda bolup geçen mejlisinde geljek hepdede Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli Mary şäherinde dabaraly atly ýörişe gatnaşyjylar bilen duşuşyk hem-de “Aziada dünýä metbugatynda” ady bilen halkara sport media-forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýändigi, futbol boýunça Aziýa çempionatynyň halkara saýlama ýaryşlarynyň çäklerinde Daşoguzda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen Bahreýin patyşalygynyň toparynyň duşuşjakdygy barada habar berilmegi hem ildeşlerimizi diýseň begendirdi.
Dünýä sport synçylary, bilermenler Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň altyn güýzünde gözel paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň belent derejede geçirilmeginiň Berkarar döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösmegine ägirt uly itergi berjekdigini, onda türkmen türgenleriniň öz başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklaýar. Bu hut şeýle hem bolar!
Arslan ŞÜKÜROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.