Tükeniksiz energiýa çeşmesi hasaplanýan Günden ýylyň-ýylyna has köp peýdalanylýar. Günden netijeli peýdalanmakda Ýaponiýa öňdeligi eýeleýär. Bu ugra maýa goýum goýmakda bolsa, Hytaý öňdeligi eýeleýär. Şeýle-de bolsa, häzirlikçe Hytaýyň sarp edýän energiýasy 1 göterimden sähelçe geçýär. Bu ýurtda suwuň üstündäki iň uly Gün energiýa bekediniň gurluşygy dowam etdirilýär. Ýurduň Huaýnan şäherinde bir döwür kömür çykarylan meýdan häzirki wagtda Gün panelleri bilen örtülýär. Anhoý welaýatynyň günortasyndaky desganyň gurluşygyny “Sungrow” şereketi amala aşyrýar. Önümçilik kuwwaty 40 megawata barabar boljak desga Hindistandaky we Awstraliýadaky beýleki beketlerden has kuwwatly bolar. Desgada ulanylýan paneller bu ýeriň tebigy şertlerine görä, ýörite işlenip taýýarlanypdyr. Olar çyga çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Suwuň salkynlygy panelleriň aşa gyzmagynyň öňüni alýar. Bu bolsa, olaryň netijeliligini has-da artdyrýar. Ýurtda köp ilatly şäherleriň we senagat merkezleriniň agdyklyk etmegi energiýanyň arassa çeşmelerine islegi has ýokarlandyrýar.