“Lexus” markasynyň täze superkupe modeli LC Ýaponiýanyň Motomaçi şäherindäki fabriginde öndürilip başlandy. Brendiň täze modeli üçin önümçilik desgasy gaýtadan dizaýn edilipdir. Sebäbi bu ulagy öndürmek ýokary ülňüleri talap edýär. “Lexus LC” modeli awgust aýynda Ýewropada satuwa çykarylar. Beýleki ýurtlaryň köpüsinde indiki ýyldan başlap, müşderilere ýetiriler. Onuň iki görnüşi bolup, biri (LC 500) benzinli V8 hereketlendirijili, beýlekisi-de gibrid “LC 500h” bolar.