“For­bes Wo­man” žur­na­ly 2016-njy ýyl­da ýo­ka­ry hak tö­len­ýän ýa­zy­jy­la­ryň sa­na­wy­ny çap et­di. Sa­naw­da bi­rin­ji or­ny Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ra­ýa­ty Jo­an Rou­ling eýe­le­ýär. Ol Gar­ri Po­ter ki­ta­by­nyň aw­to­ry­dyr. 2016-njy ýyl­da onuň gir­de­ji­si 19 mil­li­on dol­la­ra deň bol­dy.
Sa­na­wyň ikin­ji or­nun­da ABŞ-ly ýa­zy­jy No­ra Ro­berts bar­ýar. Ol “Ir­land ýü­re­gi”, “Mak-Gre­gor­lar”, “Gi­je­ki er­te­ki­ler” we “Sta­nis­la­wyň maş­ga­la­sy” ýa­ly ki­tap­la­ryň aw­to­ry­dyr. Ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy­nyň ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da 15 mil­li­on dol­lar­dan gow­rak ga­zan­jy bol­dy. Üçün­ji or­ny ýe­ne-de bir ame­ri­ka­ly ýa­zy­jy Da­ni­el Stil eýe­le­di. Onuň hem gir­de­ji­si 15 mil­li­on dol­la­ra go­laý­la­ýar.
Şeý­le hem bi­rin­ji on­lu­ga Erika Jeýms (ABŞ, 14 mil­li­on dol­lar), Pola Ho­kins (Angliýa, 10 mil­li­on dol­lar), We­ro­ni­ka Rot (ABŞ, 10 mil­li­on dol­lar) we Reý­çel Ras­sel (ABŞ, 8,5 mil­li­on dol­lar) gir­di. Sa­naw dü­zü­len­de ýa­zy­jy­la­ryň 2016-njy ýy­lyň do­wa­myn­da öz eser­le­rin­den ga­za­nan gir­de­ji­le­ri ha­sa­ba alyn­dy.