Siriýaly arheologlar Rim döwründäki mozaika paneliniň bir bölegini köpçülige görkezdiler. Im döwründen gözbaş alýan äpet mozaikalar Homs welaýatynyň Al-Rastan şäherinde ýüze çykaryldy.

Meýdany 300 inedördül metr bolan şeýle ululykdaky pol panelleri seýrek duş gelýän gymmatlykdyr. Artefaktda grek mifologiýasyndaky gahrymanlaryň: amazonlar, suw hudaýy Poseýdon we nymflaryň gatnaşmagynda dürli sahnalar şekillendirilen müňlerçe reňkli mozaika bölekleri bar.

Şeýle hem, onda Troýan söweşine gatnaşan hökümdarlaryň atlaryny görüp bolýar. Mundan başga-da, plitalaryň birinde Gomeriň gadymy grek epiki poemasy “Illiada”-daky wakalaryň biri şekillendirilipdir. Gazuw-agtaryş işleri dowam edýär, çünki paneliň köp bölegi henizem ýeriň astynda saklanýar.