Ady: “The Jungle Book”
Režissýory: Jon Fawro
Keşplerde: Nil Sethi, Riteş Rajan, (ses berenler): Bill Mýurreý, Ben Kingsli, Idris Elba, Lupita Nýong’o, Skarlett Ýohansson, Jiankarlo Esposito, Kristofer Wolken, Gerri Şendling, Jon Fawro
Prodýuserleri: Jon Fawro, Brigam Teýlor
Ssenariçisi: Jastin Marks (Redýard Kiplingiň adybir eseri esasynda)
Kompozitory: Jon Debni
Operatory: Bill Poup
Montažçy: Mark Liwolsi
Öndüriji şereketler: “Walt Disney Pictures”, “Fairview Entertainment”
Paýlaýjy şereket: “Walt Disney Studios Motion Pictures”
Dowamlylygy: 105 minut
Görnüşi: fantastik başdan geçirme
Ýurdy: ABŞ
Dili: iňlisçe
Býujeti: 175 million $
Angliýaly dünýä belli ýazyjy Redýard Kiplingiň 1894-nji ýylda çapdan çykan “Jeňňel kitaby” atly hekaýalardan düzülen meşhur eseri ýene bir ýola ekranlaşdyryldy. Ozalam telim gezek animasiýadyr filmi taýýarlanan bu eser aýratynam, çagalaryň söýgüli kitaby bolup, şol kitap esasynda ilkinji kino 1942-nji ýylda peýda bolupdy. Häzirki gürrüňini edýän filmimiz aslynda, 1967-nji ýylda “Walt Disney” tarapyndan surata düşürilipdi. Şol ekran eseriniň rimeýki bolan täze filme wagtal-wagtal surata hem düşýän Jon Fawro režissýorlyk edýär. Filmde Maugliniň keşbini Nil Sethi janlandyrsa, beýleki gahrymanlara Bill Mýurreý (Balu), Ben Kingsli (Bagira), Idris Elba (Şir Han), Lupita Nýong’o (Rakşa), Skarlett Ýohansson (Kaa), Jiankarlo Esposito (Akela), Kristofer Wolken (Şa Lui) ýaly belli-belli artistler ses berdi. 2013-nji ýylda surata düşüriljekdigi mälim edilen filmiň ssenarisini Jastin Marks ýazdy. Los Anjelesdäki merkezi studiýada taýýarlanan kinonyň sazy Jon Debnä degişlidir. “Jeňňel kitaby” kinosynyň režissýory we prodýuseri Jon Fawro entek bu film doly prokata çykmanka, eýýäm onuň 2-njisini-de ekranlaşdyrmak pikirleriniň bardygyny habar berdi. Býujeti 175 million dollara barabar bolan kinonyň prokatdan ep-esli girdeji gazanmagyna garaşylýar.
Maşgalasyndan jyda düşen Mauglini tokaýda möjekler bilen bir hatarda, aýy hem-de gara pantera kemala getirýär. Bagira we Baludan köp zat öwrenen Maugli öz ýaşaýan we endik eden ýerini terk etmäge mejbur edilýär. Bu bolsa, özboluşly hem-de gyzykly başdan geçirmäniň başlangyjy bolýar…