Ýaponiýanyň “Sony Music” kompaniýasy önümçiligi ýatyrylanyna 30 ýyla golaý wagt bolan gramplastinkalaryň önümçiligine başlar. Möwriti tamamlanandygy hasaplanýan bu ýazgy enjamlaryna kompaniýa bilen şertnamasy bolan aýdymçylaryň aýdymlary ýazdyrylar. Olary ýazgy etmek üçin sesi iň dury ýazgy edip biljek ýörite inženerler çagyrylypdyr. Dünýäde 2008-nji ýyldan bäri gramplastinkalaryň satuwynyň artmagy ýapon kompaniýasynyň şeýle karara gelmegine täsir edipdir. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl Angliýada gramplastinka satuwy sanly aýdym-sazlaryň satuwyndan ozdurypdy. Wagtynda “Walkmany” we CD formatyny işläp taýýarlan “Sony” kompaniýasy plastinka satuwynyň soňlanmagyna sebäp bolan şereketleriň biri bolupdy. Gramplastinkalar aýdym-saz dünýäsiniň azajyk bölegini emele getirýän hem bolsa, geçen ýyl bu ugurdaky girdejiniň 3,6 göterimi plastinkalaryň satuwyndan alnypdyr.
Soňky gezek 1989-njy ýylda plastinka ýazgy eden “Sony” indiki ýyldan başlap, Tokiodaky bir studiýada 2018-nji ýyldan başlap, gaýtadan ýazgy edip başlar.