Türkiýe tebigy gazyň bahalarynyň kesgitlenýän we energiýa önümleriniň söwdasynyň amala aşyryljak merkezine öwrülmegi maksat edinýär. Ýurduň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar “Sabah” gazetine beren söhbetdeşliginde bu iş ýurduň çäginde gaz merkezini döretmek baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi arkaly amala aşyrylar diýdi.

-Türkiýäniň esasy aýratynlygy – bu nebit we tebigy gaz üçin fiziki merkez bolmagyndan ybaratdyr. Russiýa Türkiýede gaz merkezini döretmek baradaky meýilnamany makullaýar. Türkiýäniň tebigy gazyň bahalarynyň kesgitlenýän merkezine öwrülmegini isleýäris. Bu elektron söwda we nyrh ulgamy mysaly bir zatdyr. Şeýle hem ammarlaryňyz bar bolsa, islegiň şertlerine esaslanyp, arzan satyn alnan gazy satyp, girdeji gazanyp bolar – diýip, türk ministri Alparslan Baýraktar belledi.