Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy has-da kämilleşip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk desgalarynyň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi netijesinde, bu ulgam täze belentliklere çykdy. Ýurdumyzda her ýylyň 21-nji iýulynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi we hünär baýramçylygy mynasybetli bu pudaga degişli täze binalaryň ulanmaga berilmegi asylly däbe öwrüldi.
Milletimiziň beden we ruhy taýdan sagdynlygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar.
Milli Liderimiziň hut özüniň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi. Bu maksatnamanyň baş maksady – ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmäge, ilaty elýeterli ýokary hilli lukmançylyk kömegi hem-de hyzmatlary bilen üpjün etmäge, daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga gönükdirilen işler yzygiderli geçirilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna bejerişiň täze usullary, tehnologiýalary we kämil enjamlar ornaşdyrylýar. Döwrebap ylmy-kliniki merkezler, häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilen bejeriş-öňüni alyş edaralary gurulýar. Ýeri gelende aýtsak, ornaşdyrylýan enjamlaryň agramly bölegi bu ugurda öňdebaryjy hasaplanylýan Germaniýa Federatiw Respublikasynda öndürilen enjamlardyr. Şeýle ýokary hilli lukmançylyk enjamlary arkaly keselleriň öňüni almak we olary anyklamak işleri gysga wagtda durmuşa geçirilýär.
Türkmenistandaky hassahanalaryň we lukmançylyk edaralaryň ýokary üpjünçiligi, täze usullary we lukmançylyk innowasiýalaryny özleşdirmäge bolan uly gyzyklanma hassalary netijeli bejermek üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.
Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýurdumyzda ýokanç wiruslaryň köpüsiniň ýokdugyny ykrar etdi. Ynha, eýýäm ençeme ýyl bäri ýurdumyzda gyzamyk we garamyk keselleriniň hasaba alnan ýagdaýlary bolmady. Bularyň hemmesi saglygy goraýyş ulgamynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda yzygiderli geçirilýän işleriň netijesidir.
Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ilaty waksinalar we immunizasiýa bilen üpjün etmekligiň derejesi boýunça sebitde öňdebaryjy orny eýeläp, immunoprofilaktika boýunça çäreleri geçirýän döwletleriň birinji hatarynda durýar. Türkmenistanda waksina sanjymlary tölegsiz geçirilýär.
Türkmenistan 2000-nji ýylda drakunkulýozy ýok edendigi üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň sertifikatyna mynasyp boldy, 2002-nji ýylda ýabany poliwirusyň Türkmenistanyň çäginde ýok edilendigi üçin sertifikata mynasyp boldy, bu bolsa poliomelitiň dolulygyna ýok edilendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan hemmeler tarapyndan kabul edilen halkara ölçeglerine laýyklykda, GDA we Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde birinji we dünýäde dördünji bolup, nahar duzuny ýodlaşdyrdy we adamzadyň wajyp meseleleriniň biri bolan ýod ýetmezçiligi ýok edilen ýurt hökmünde ykrar edildi hem-de 2004-nji ýylda bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň sertifikatyny aldy.
Adam bedeninde demir ýetmezçiligi bilen bagly keselleriň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, azyk iýmitleri bolan uny we duzy demir bilen baýlaşdyrmak boýunça birnäçe uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Enäni we çagany goramak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegidir. Ýurduň ähli künjeklerinde ýokary derejede enjamlaşdyrlan “Ene mähri” merkezleriniň döredilmegi, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we ganazlyk bilen göreşmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.
Umuman, soňky ýyllarda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmegiň çäklerinde ägirt uly işler amala aşyryldy. Şol işleriň netijesinde ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ilat üçin elýeterli boldy. Öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi netijesinde, keselleriň sany azaldy. Ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek we derman serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça giň möçberli çäreler geçirildi, hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, lukmançylyk ylmyny ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Kämilleşdirilen kanunçylyk binýady saglygy goraýyş ulgamynda giň möçberli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly esasy boldy. Soňky ýyllarda bu binýadyň üstüni “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda”, “Adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we aradan aýyrmak hakynda”, “Azyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda”, “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki ulanmagyň netijelerinden goramak hakynda”, “Farmasewtika işi we derman serişdeleri bilen üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki wajyp resminamalar ýetirdi.
“Milletiň saglygy – ýurduň baýlygy” şygary baş ýörelge edinmek bilen döwletimiz saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösmegine möhüm ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň lukmançylyk ylmyna degişli döwet galamyndan çykan ylmy işleri ýurdumyzyň lukmanlary üçin uly gollanma öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli düýpli ylmy işine daşary ýurtly hünärmenler hem uly gyzyklanma bildirýärler. Çünki bu kitabyň sahypalarynda ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda peýdaly otlaryň bejerijilik ukyby, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Bu neşiriň dürli dillere terjime edilmegi onuň dünýä ýüzünde ägirt uly ähmiýete eýediginiň we barha meşhurlyk gazanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şu ýylyň “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň” ýyly diýlip atlandyrylmagynda hem milletiň sagdynlygy meselesine döwlet taýdan toplumlaýyn hem-de ulgamlaýyn çemeleşme öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan halkymyzyň saglygy, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek, işjeň halkara gatnaşyklary arkaly onuň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly ugurlaryň üçüsi Türkmenistan üçin şanly taslama bolan “Aşgabat–2017”-de bir ýere jemlenendir.
Diňe soňky ýarym ýylyň dowamynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe çäreler guraldy. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglyk gününe, şeýle hem “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçirilýän, däbe öwrülen köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-saglyk we medeni çäreleriň biraýlygyna gabatlanyp geçirilen çäreleri görkezmek bolar.
Umuman, saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýurdumyzyň her bir raýatyna dahylly bolup durýar. Sebäbi türkmenistanlylaryň sazlaşykly beden we ruhy taýdan ösüşi hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanýan döwlet – bu geljegine ynamly garaýan sagdyn adamlaryň döwletidir. Şonuň üçin Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak – bu milletiň we her bir adamyň durmuşy baradaky gündelik alada we ähli ugurlary gurşap alýan ulgam bolup durýar.