Türk­me­nis­ta­nyň kö­pu­gur­ly hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ös­dür­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­le­ri dün­ýä ýaý­mak hem-de “Daş­ky gur­şa­wyň ha­ty­ra­sy­na ýa­şyl te­bi­gat” di­ýen şy­gar bi­len Ka­tar Döw­le­ti­niň Do­ha şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek “EKS­PO-2023” hal­ka­ra ser­gi­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­na Ka­tar Döw­le­ti­niň Do­ha şä­he­rin­de 2023-nji ýy­lyň 2-nji okt­ýab­ry –2024-nji ýy­lyň 28-nji mar­ty ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek “EKS­PO-2023” hal­ka­ra ser­gi­si­ne gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň mil­li pa­wil­ýo­ny­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ony ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip gur­mak hem-de beý­le­ki de­giş­li iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­ra­da “Söw­da öýi” kär­ha­na­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.