29-njy sent­ýabr­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow Ger­ma­ni­ýa­nyň Fe­de­ral da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Gün­do­gar Ýew­ro­pa, Kaw­kaz we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bo­ýun­ça Yg­ty­ýar­ly we­ki­li Ma­ti­as Lýut­ten­berg bi­len du­şu­şyk ge­çir­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar me­se­le­le­riň giň ge­ri­mi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar we iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi­ni kes­git­le­di­ler.
Sy­ýa­sy we dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ösü­şi nuk­daý­na­za­ryn­dan ta­rap­lar iň ýo­ka­ry we hö­kü­met de­re­je­sin­dä­ki ara­gat­na­şyk­la­ryň has-da gi­ňel­dil­me­gi­ni gol­da­dy­lar.
Hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de, il­kin­ji no­bat­da, BMG-niň ug­ry bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk bel­le­nil­di. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Türk­me­nis­ta­nyň ka­rar­na­ma­la­ry­ny we hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýan­dy­gy üçin ger­man ta­ra­py­na ho­şal­lyk bil­di­ril­di. Ta­rap­lar şeý­le hem Ger­ma­ni­ýa­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len “Mer­ke­zi Azi­ýa + Ger­ma­ni­ýa” for­ma­tyn­da­ky köp­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
Türk­men-ger­man gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek­de mö­hüm gu­ral hök­mün­de da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky ge­ňeş­me­le­riň for­ma­ty gör­ke­zil­di.
Söw­da we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ýol­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň çäk­le­rin­de ta­rap­lar Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-ger­man to­pa­ry­nyň işi­ni iler­let­mek, Yk­dy­sa­dy gün­le­ri we işe­wür fo­rum­la­ry­ny ge­çir­mek, şeý­le hem Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek ug­run­da çy­kyş et­di­ler.
Şol bir wag­tyň özün­de, hyz­mat­daş­ly­gyň iň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gaz­hi­mi­ýa se­na­ga­ty, “ýa­şyl” ener­ge­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gel­je­gi uly bo­lan ugur­la­ry­na ne­mes teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny we ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek, ag­ro­se­na­gat top­lu­my we suw ho­ja­ly­gy kes­git­le­nil­di.
Me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ösü­şi­niň çä­gin­de bi­lim ug­ry bo­ýun­ça, hu­su­san-da, bi­lim me­ýil­na­ma­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi we Türk­me­nis­tan­da ne­mes di­li­ni öw­ret­mek ba­ba­tyn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry güýç­len­dir­mek ba­ra­da pi­kir be­ýan edil­di. Şeý­le hem hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp ugur­la­ry hök­mün­de me­de­ni­ýet, ar­heo­lo­gi­ýa we mu­zeý işi, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my aý­ra­tyn bel­le­nil­di.
Du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň Fe­de­ral Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da Bi­le­lik­dä­ki jar­na­ma gol çe­kil­di.